Gresiýadaky Pantokrator diýlip atlandyrylýan Afon kilisesi öz kitaphanasynyň gapylaryny alymlara açdy. Barlag geçirijiler bu kitaphanada Wizantiýa imperiýasynyň soňky döwürleri bilen senelenen gadymy osman resminamalaryny içgin öwrenýärler. Olaryň arasynda XIV asyryň ahyrlaryndaky soltanlyga degişli haşamlanan kararlar, emläk hukugy hem-de kazyýet kararlary göze ilýär. Hünärmenler golýazmalary öwrenip, Osman imperiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe Afonyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna ýetiren täsirine baha bermegi maksat edinýärler.
– Bu kitaphanada, takmynan, 1300-den gowrak Wizantiýa resminamasy saklanýar. Olaryň aglabasyny başga bir ýerden tapyp bolmaýar. Afon dagyndaky kilisede has gadymy Osman ýazgylaryny görmek bolýar – diýip, Pantokrator kilisesiniň keşişi Teofilos aýdýar.
– Soltanlar Afon dagyny Wizantiýanyň iň soňky mirasy hökmünde gorap saklapdyrlar – diýip, Wizantiýany öwreniji alym Ýannis Nihoff-Panagiotidis belleýär.
– Bu ýerdäki keşişler sebitdäki güýçleriň hormatyny gazanyp başarypdyr, sebäbi Afon dagyna parahatçylygyň we medeniýetiň sallançagy hökmünde baha berilýärdi – diýip, Berliniň Freie uniwersitetiniň ylmy işgäri Anastasios Nikopoulos belledi.
Afon jemgyýeti ilkinji gezek 983-nji ýylda Wizantiýa imperatory Wasiliýa II karary bilen öz-özüni dolandyryp başlaýar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, Konstantinopol synandan soň täze gelen hökümdarlar bu jemgyýetiň özbaşdaklygyny gorap saklapdyrlar.
Aýjeren Annamuhammedowa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
B. Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň I derejeli kitaphanaçysy.