Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, söz sungatynyň görnükli wekili, türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy diňe bir türkmen halkynyň edebiýatyna däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna bimöçber goşant boldy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýakymly owaza öwrülip, köňüllere şirin mukam bolup ýazylýar. Her bir ynsan şeýle beýik şahsyýetiň döredijiligi bilen içgin tanşyp, şahyryň şygryýet ummanyndan ruhlanýar. Şahyryň sada dilde ýazylan eserleri türkmen halk aýdymlarynda juda labyzly ýaňlanýar. Akyldar ömür salyny, asal zybanyny halkyna bagyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ölmez-ýitmez edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä giňden äşgär etmekde, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde uly işler alnyp barylýar. Magtymgulynyň döredijiligine hormatly Prezidentimiz şeýle baha berýär: «Pyragynyň ajaýyp goşgulary ähli nesiller üçin beýik taglymat, uly mekdepdir». Beýik Pyragy öz döredijiligini halk döredijiliginiň üsti bilen has-da baýlaşdyrypdyr. Şahyryň islendik goşgusynda nakyllaryň, atalar sözüniň, rowaýatlaryň, dessanlaryň gahrymanlarynyň keşpleriniň ussatlyk bilen berlendigini görmek bolýar. Türkmen halky çeper söze baý bolup, gürrüňlerini meňzetmeler, nakyllar ýaly döredijiligiň dür däneleri bilen bezäpdir.
Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň ruhy sütüni. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dilden-dile geçip, halka ruhy lezzet berýär. Akyldaryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Şahyryň paýhas ummanynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini watansöýüjilik, ynsanperwerlik, terbiýeçilik öwüt-ündewli goşgular tutýar. Akyldar şahyryň arzuw eden zamanasynda ýaşaýan nesiller Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Şahyr Watana bolan söýgüsini il agzybirligi, ýurt asudalygy bilen baglanyşdyryp:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
diýip, agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýan parasatly goşgularyny döredipdir.
Magtymgulynyň şygyrlarynyň içinden millilik, milli ruh, milli duýgular eriş-argaç bolup geçýär. Olarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, tämizlik, kalby päklik, tebigata we onuň janly-jandarlaryna rehimlilik, ula-kiçä ýürekden hormat goýmak, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk, ähli şertlerde ynsanperwerligi saklamak häsiýetleri öňe sürülýär. Şahyr eserlerinde milli däp-dessurlara uly sarpa goýup, adamkärçiligiň belent sypatlaryny ýüze çykarýar.
Şahyryň döredijiliginde il-günüň abatlygy, abadanlygy, rahatlygy, asudalygy watansöýüjilik ruhunda ýaňlanypdyr. Dana şahyrymyzyň her bir eseri, hakyky manyda, ynsanyň köňlünde ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasynyň, şahyrana döredijiliginiň, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlarynyň many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini has çuň açyp görkezmek, giň köpçülige ýaýmak maksady bilen akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly kitaplarynda akyldaryň döredijiligine belent sarpany giňden beýan edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Begenç NURMÄMMEDOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy, Bagtyýarlyk etrabynyň Halk Maslahatynyň agzasy.