Her bir jan­ly-jan­da­ryň özü­ne mah­sus te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy bar. My­sal üçin, ýüz­mek, dyr­maş­mak, çalt yl­ga­mak, uç­mak we ş.m. Haý­wa­nat dün­ýä­si köp­dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, süý­dem­di­ri­ji­ler, süý­re­ni­ji­ler we ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­lar di­ýen to­par­la­ra bö­lün­ýär. Guş­lar we mör-mö­jek­le­riň kä­bir gör­nü­şi myş­sa­la­ry­ny hem-de ga­nat­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly ho­wa­da he­re­ket edip bil­ýär­ler. Gö­räý­mä­ge guş­la­ryň hem­me­si uçup bil­ýän ýa­ly. Em­ma ola­ryň uçup bil­me­ýän­le­ri (dü­ýe­guş, ki­wi, ping­win) hem bar. Guş­lar­dan baş­ga-da, Ýer ýü­zün­de uçup bil­ýän jan­ly-jan­dar­la­ryň bir­nä­çe­si ýa­şa­ýar. Eý­sem, olar ga­na­ty bol­maz­dan nä­dip uç­ýar­lar­ka?! Ge­liň, uçup bil­ýän tä­sin jan­dar­lar ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Ko­lu­gos. Süý­dem­di­ri­ji­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bolan bu jan­dar Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da duş gel­ýär. «Uç­ýan le­mur» di­ýlip hem at­lan­dy­ryl­ýan ko­lu­gos­lar as­lyn­da uç­ma­ýar­lar. Olar bir agaç­dan beý­le­ki aga­ja bö­küp he­re­ket ed­ýär­ler. 200 met­re çen­li ho­wa­da ga­ýyp bil­ýän­di­gi üçin ko­lu­gos­lar uç­ýan ýa­ly gö­rün­ýär. Agaç­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­la­ryň boýy 35-40 san­ti­met­re, ag­ra­my 1-2 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ki­çi­jik kel­le­li ko­lu­gos­la­ryň dür­bi ýa­ly ýi­ti göz­le­ri bar. Şeý­le hem uzyn­dan in­çe aýa­gy, uzyn guý­ru­gy we ýi­ti dyr­nak­la­ry bar. Eşi­gi özü­ne uly bol­ýan ýa­ly gö­rün­ýän bu jan­dar­la­ryň de­ri­si bat­bö­rek gör­nüş­de açyl­ýar hem-de uç­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gün­di­zi­ne dynç al­ýan bu jan­dar­lar gi­je­si­ne iý­mit­len­mek üçin agaç­dan aga­ja bök­ýär­ler.
Uç­ýan ba­lyk. Ba­lyk­lar maş­ga­la­sy­nyň bu we­ki­li suw­dan çy­kyp, ýüz­güç­le­ri­ni ga­nat ýa­ly hereketlendirmek ar­ka­ly 200 met­re çen­li uçup bil­ýär. Uç­ýan ba­lyk­lar sa­gat­da 56 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär­ler. Bu ba­lyk­la­ra su­wuň ýü­zü­ne ýe­ten­de tiz­li­gini ýo­kar­lan­dyr­mak üçin guý­ru­gy ýar­dam ed­ýär. 7 gör­nü­şi bo­lan uç­ýan ba­lyk­lar Bar­ba­dos ada­la­ry­nyň mil­li ny­şa­ny­dyr. Ýyr­ty­jy ba­lyk­lar­dan ga­çyp, su­wuň ýü­zü­ne çyk­ýan ýa­ly gö­rün­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, «ho­wa­da ýüz­mek» uç­ýan ba­lyk­la­ryň te­bi­gy hä­si­ýe­ti­dir. Uç­ýan ba­lyk­lar köp­lenç gy­zyl pe­te­ke­li fri­gat­ guşlaryna aw bol­ýar­lar.
Uç­ýan ýy­lan. Süý­re­ni­ji­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan «chry­so­pe­lea» atly ýylan Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň to­kaý­la­ryn­da duş gel­ýär. Ae­ro­di­na­mi­ki ukyp­la­ry bo­lan bu ýy­lan­lar 20 met­re çen­li uçup bil­ýär­ler. Ýy­lan­la­ryň bu gör­nü­şi göw­re­si­ni pru­žin ýa­ly eg­rem-bug­ram sak­lap, bir­den öňe ok­du­ryl­ýar. Ýy­la­nyň kel­le­si­ni dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­ma­gy uçuş ara­ly­gy­na tä­sir ed­ýär. Uç­ýan ýy­lan­la­ryň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy aşak­dan ýo­kar­ly­gy­na hem-de ke­se­li­gi­ne bö­küp bil­ýän­li­gi­dir.
Uç­ýan hažžyk. Süý­re­ni­ji­le­riň bir gör­nü­şi bo­lan kiçijik «aždarha» 60 met­re çen­li uç­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň göw­re­si­niň iki gap­da­lyn­da­ky ýel­pe­wa­ja meň­zeş de­ri epin­le­ri agaç­la­ryň ara­syn­da uç­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Uç­ýan až­dar­ha» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan bu süý­re­ni­ji­ler Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da­ky we Hin­dis­ta­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky are­ka to­kaý­la­ryn­da duş gel­ýär.
Uç­ýan süý­dem­di­ri­ji­. Gün­di­zi­ne dynç alyp, gi­je­si­ne he­re­ket ed­ýän let­ýa­gi­ler 90 met­re çen­li uçup bil­ýär­ler. O­la­ryň öň we yz­ky aýak­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da­ky de­ri epin­le­ri ýaý­baň şe­ki­li eme­le ge­ti­rip, agaç­la­ryň ara­ly­gyn­da uç­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Uçu­şy we uçuş ara­ly­gy­ny saz­la­ýan zat bu jan­dar­la­ryň guý­ru­gy­dyr. Let­ýa­gi­ler Azi­ýa­da­ky, şeý­le hem De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky we Ýew­ro­pa­da­ky to­kaý­lar­da ýa­şa­ýar.
Uç­ýan gur­ba­ga. Wal­le­siň uç­ýan gur­ba­ga­sy şa­dy­ýan jan­dar­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da iň meş­hu­ry ha­sap­lan­ýar. 15 metr ara­ly­ga çen­li uçup bil­ýän bu gur­ba­ga­la­ryň per­de­li bar­mak­la­ry bar. O­lar bö­ken­le­rin­de aýak­la­ry ho­wa­da de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak ar­ka­ly uç­ýan ýa­ly bolup görün­ýär. Uç­ýan gur­ba­ga­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bat­ga­lyk­lar­da däl-de, agaç­lar­da ýa­şa­ýan­ly­gy­dyr. Bu gur­ba­ga­lar wag­ty­nyň köp bö­le­gi­ni agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­da ge­çir­ýär­ler. Wal­le­siň uç­ýan gur­ba­ga­sy Ma­laý­zi­ýa­nyň we Bor­neo­nyň tro­pik to­kaý­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Be­de­ni­niň ulu­ly­gy 10 san­ti­met­re ýet­ýän bu gur­ba­ga­nyň reň­ki açyk ýa­şyl bo­lup, sar­gylt me­nek­le­ri bar.
Uç­ýan ga­ryn­ja. Ýer ýü­zün­de ga­ryn­ja­la­ryň 12 müň­den gow­rak gör­nü­şi­niň bar­dy­gy bel­len­ýär. Iň işeňňir jan­dar­la­ry­ň bi­ri bo­lan ga­ryn­ja­lar dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de duş gel­ýär. Gö­räý­mä­ge ga­ryn­ja­la­ryň hem­me­si ýer­de ha­tar gu­rap he­re­ket ed­ýän ýa­ly. Ýö­ne ola­ryň uç­ýan gör­nüş­le­ri hem bar. Daş­ky gör­nü­şi ara meň­zeş uç­ýan ga­ryn­ja­lar bel­li bir möw­süm­de ga­nat çy­kar­ýar­lar. Ga­nat­ly ga­ryn­ja­la­ra baş­ga­ça «ala­te» di­ýil­ýär. Bu ga­ryn­ja­lar uç­ýan­dy­gy­na garamazdan, ada­ty ga­ryn­ja­lar ýa­ly ýe­riň aşa­gyn­da ýa­şa­ýar­lar.