Geljek ýylda ýurdumyzda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden belleniler. Häzirki wagtda Diýarymyzda akyldar şahyrymyzyň ýubileý dabaralaryna uludan taýýarlyk görülýär. Alymlarymyz Magtymgulynyň edebi mirasyny, gadymy golýazmalaryny öwrenmek üçin köp işler durmuşa geçirýärler.
Golaýda döwlet Baştutanymyz dörediji ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigi geçirmek barada resminama gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guraljak bu bäsleşik dekabr aýynda jemlener. Şu günler nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine degişli gymmatly maglumatlar toplanylýar. Akyldar şahyrymyz özüniň dürdäne şygyrlarynyň üsti bilen Watany söýmegi, agzybir ýaşamagy, ata-enä hormat goýmagy, edepli-ekramly bolmagy, mätäçlik çekýäne kömek etmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi ündäpdir.
Gündogar edebiýatynyň meşhur söz ussady Magtymguly Pyragy halkymyzyň ruhy dünýäsine şöhle saçýar. Onuň dürdäne goşgularynyň many-mazmun aýratynlygy, terbiýeçilik ähmiýeti çeper sözüň muşdaklaryny maýyl edip, olary ynsanperwerligiň aýdyň ýoluna ugrukdyrýar. Nusgawy şahyrymyzyň bize galdyran edebi mirasynda dil hakynda aýdylan pähim-paýhaslar hem uly orun eýeleýär.
Magtymguly Pyragynyň pelsepewi goşgulary biziň döwrümizde-de uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda onuň eserleri daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilip, aýratyn kitap hökmünde neşir edildi. Magtymguly Pyragynyň çuňňur pelsepä, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne şygyrlary ýaş nesli watansöýüjilik, lebzihalallyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde görüm-görelde mekdebidir.
Akyldaryň şygyrlarynyň, toý-baýramlaryň bezegi bolan döredijiliginiň biziň günlerimize gelip ýetmeginde bagşylaryň hem orny uludyr. Pyragynyň şahyrana mirasyna bagşylaryň döredijiliginde iňňän uly orun berilýär. Olaryň aýdýan aýdymlarynyň agramly bölegi Magtymgulynyň goşgularynadyr. Şahyryň pähime, öwüde, belent söýgä, filosofiýa ýugrulan eserleri häzirki günlerde hem bagşylarymyzyň diliniň senasydyr. Olar Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek bilen, şahyryň döredijiligini halk arasynda ýaýradyjy bolup, halkyň söýgüsini gazanýarlar. Ýurdumyzda Magtymguly atamyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly, edebi-çeper döredijilik duşuşyklary işjeň häsiýete eýe bolýar.
Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli buýsanjy. Akyldar şahyryň hatyrasyny, hormat-sarpasyny belent tutmakda hemmämize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda, «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» kitabynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda beýik şahyrymyzyň waspy nusgalyk derejede ýetirilýär. Dünýä döwletleriniň ençemesinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň dikeldilmegi-de dünýä halklarynyň türkmeniň beýik akyldaryna goýýan sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.
Merdan ABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.