Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler. Bu hem ýurdumyzda medeniýet işgärlerine we sungat ussatlaryna, halypalara goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Ussat kompozitor Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda köp perzentli maşgalada dünýä inýär. Çagalykdan ejesinden jyda düşen Nury Halmämmedow Baýramaly şäherindäki çagalar öýüne düşýär we şol ýerde saz älemindäki ilkinji ädimlerini ätläp ugraýar. Ol Baýramaly şäherindäki Çagalar öýünde saz bilen bagly başlangyç bilimini alýarka, birnäçe sazlary hem döredýär.
Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Nury Halmämmedowyň meşhur sazlary dünýä hem-de türkmen halkynyň saz sungatynyň naýbaşylarynyň biridir. Onuň döreden eserleri «Aýgytly ädim» baleti, «Türkmenistan» simfoniki şekilleri, simfoniýa, G.Ezizowyň sözlerine solistler, hor we orkestr üçin wokal – simfoniki poema «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine», «Dutaryň owazy», «Ballada», «Saňa» we beýleki fortepiano üçin pýesalar, «Nar agajy» atly skripka we fortepiano üçin wariasiýalar, Magtymgulynyň, Mollanepesiň sözlerine alty wokal toplumy, S.Ýeseniniň sözlerine «Pars äheňleri», G.Geýnäniň sözlerine «Ynsan ýürekleri», «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Şükür bagşy» filimleriniň sazlary we beýlekilerdir.
Meşhur kompozitor talyplyk ýyllarynda döreden ençeme saz eserlerinden iň naýbaşylaryndan biri hasaplanýan «Dutaryň owazlary» atly meşhur fortepiano pýesasy görnükli türkmen sazandasy Mylly Täçmyradowa bagyşlanypdyr. Bu sazda milli sazyň özboluşly aýratynlygy we dutarçylyk sungatynyň ajaýyplygy örän ýagty şöhlelenýär. Häzirki wagta çenli dünýäniň meşhur sazandalarynyň repertuarynda görnükli orun eýeleýän bu saz eseri ilkinji gezek 1962-nji ýylda Moskwada geçirilen Ýaş kompozitorlaryň Bütinsoýuz konkursynda eminler topary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar we Nury Halmämmedowa ýörite diplom gowşurylýar.
Kompozitoryň döredijiliginde wokal sazlaryna hem aýratyn orun degişlidir. Ol XIX-XX asyrlarda ýaşap geçen şahyrlardan Mollanepesiň, Keminäniň, Gurbannazar Ezizowyň, Ata Atajanowyň, Rehmet Seýidowyň we Geldi Bäşiýewiň goşgularyndan ruhlanyp birnäçe saz eserlerini hem döredýär.
Nury Halmämmedowyň ajaýyp döredijilik terjimehalyndaky aýratyn sahypa onuň kinofilmlere bagyşlap döreden sazlaryna degişlidir.
Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Elbetde, «Şükür bagşy» filminiň şeýle üstünlik gazanmagynda genial türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň bitiren hyzmaty ägirt uludyr. Orta Aziýa Respublikalarynyň we Gazagystanyň kino festiwalynda bu filmiň sazy üçin berlen ýörite baýragy gowşurylanda, Çingiz Aýtmatow Nurynyň sazyny «durmuşyň öz beren sazy» diýip atlandyrdy. Biziň ýaş kompozitorymyz bolsa, bu sözlere jogap hökmünde: «Bu sazy ýazmaga maňa halkymyň taryhy kömek berdi. Bu saz hakyky halk sazydyr. Şoňa görä-de, meniň ýerine ýetiren işime şeýle ýokary baha berilmegini türkmen sazynyň ykrar edilmegi diýip kabul edýärin» diýip belleýär.
Leýla REJEPOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.