Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda «Biz daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris» diýip nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda üns berilýändigini belledi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde howamyzyň arassalygy, gün-günden gözelleşýän oba-kentlerimiziň görkanalygy göwnümizi galkyndyrýar.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologiýa abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Eziz Watanymyzyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmegiň wezipeleri milli maksatnamalarda giňden bellenilýär. Ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine, ýerasty tebigy suwlara baýdyr. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny hem-de himiki tehnologiýalary ösdürmek şu günüň esasy talabydyr.
Bu önümçiliklerde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen ekologiýa taýdan arassa önümçilige hem-de täzeçil tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz golaýda Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisinde (COP-28) eden çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy barada aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ozal milli derejede howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmek, bu ulgamda halkara guramalar we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýan Ýol kartasyny tassyklapdy.
Metan zyňyndylary howanyň üýtgemegine täsir edýär. Şol sebäpli 2021-nji ýylda ABŞ we onuň hyzmatdaşlary Metan boýunça global borçnamasyny taýýarladylar. Bu borçnama laýyklykda ýurtlar 2020-nji ýyldaky görkezijiler bilen deňeşdirilende 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30%-e çenli azaltmaga borçlanýarlar. Häzirki wagtda dünýäde metan zyňyndylaryny azaltmak, bu ugurda maliýeleşdirmegi güýçlendirmek, tehnologiýalary we tejribeleri durmuşa geçirmek, şeýle-de kanunçylygy rejelemek üçin iş alyp barýarlar.
Halkara jemgyýetçiligi howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatlara ýetmek we ykdysady hem-de energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin nebit we gaz amallaryndan metan zyňyndylaryny çalt azaltmagy maksat edinýär. Biziň ýurdumyz hem bu borçnama goşulmak bilen halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryna giňden goldaw berýär. Häzirki wagtda tebigy gaz köp ýurtlaryň energetika toplumynda möhüm orny eýeleýär. Elektrik öndürmekde, senagatda we şäherleriň ýyladyş ulgamynda ulanylýar hem-de dökün, himiýa we nebithimiýa önümlerini öndürmek üçin möhüm çig mal bolup durýar. Şonuň üçin, esasan hem, nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryny azaltmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Baýrammämmet HOJAMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.