…Mag­tym­gu­ly­ny oka­mak üçin oňat ta­ýyn­lyk gör­me­li, ony içiň gy­san­da ýa-da nä­me­dir bir zat bi­len wag­ty­ňy ge­çir­mek üçin okap bol­ma­ýar. Bu şa­hy­ryň her sö­zü­niň aňyr­syn­da um­man ýa­ly ma­ny-maz­mu­nyň ýa­tan­dy­gyn­dan bol­sa ge­rek. Özü­ňi sö­we­şe gir­jek ýa­ly de­re­je­de rast­la­ma­saň, Mag­tym­gu­ly­ny oka­mak müm­kin däl. Eger şeýt­me­seň, se­niň alan ga­laň hem bol­maz, tu­tan gu­şu­ňam.
Adat­ça, dä­bi-de, des­su­ry-da, dün­ýä akyl ýe­ti­ri­şi-de ga­bat gel­ýän hal­ky­ýet­le­riň ýa­şa­ýan ym­gyr çä­gin­de – ga­dy­my Gün­do­gar­da şy­gyr oka­mak geç­miş­de uly toý-da­ba­ra bo­lup­dyr. My­sal üçin, pa­ty­şa-şa­la­ryň köşk­le­rin­de şy­gyr ag­şam­la­ry gu­ra­lyp, olar uly tu­tum bi­len taý­ýar­lyk­ly ge­çi­ri­lip­dir. Şa­lar iň oňat goş­gu­la­ry okan­la­ra gym­mat­ba­ha ha­lat-ser­paý ýa­pyp­dyr­lar. Şa­hyr­la­ryň bäs­le­şi­gin­de ýü­zug­ra ada­lat­ly şa­ny, be­ýik hö­küm­da­ry wasp et­mek­de ýa­ry­şy­lyp­dyr, her jü­pü­ne dü­şen şy­gyr ben­din­den, ka­sy­da­dan soň hem­me­ler «Ape­rin, Be­re­kel­la, Ma­şal­la!» di­ýen söz­le­ri di­le ge­ti­rip­dir.
Mu­ňa or­ta asyr­lar­da türk­men sol­tan­la­ry­nyň, my­sal üçin, Sol­tan San­ja­ryň şa­hyr­la­ra nä­de­re­je­de sar­pa go­ýan­dy­gy ba­ra­da ta­ry­hy ýaz­gy­la­ryň my­sa­lyn­da-da göz ýe­tir­mek bol­ýar.
Mag­tym­gu­ly­nyň il­ki bo­lup türk­men ede­bi­ýa­tyn­da arap-pars ede­bi di­li­niň şi­rin söz­le­ri­ni ga­ryp, ça­ga­taý di­lin­de goş­gy ýaz­mak dä­bi­niň öwe­zi­ne aras­sa türk­men di­lin­de şy­gyr dö­ret­mek dä­bi­ne ýol açan­dy­gy­ny hem­mä­miz bil­ýä­ris. Bu ede­bi­ýa­ty­myz­da ha­ky­ky öz­ge­riş­lik bol­dy. Çün­ki Mag­tym­gu­ly özün­den öň­ki şa­hyr­la­ryň hem­me ha­lat­da düş­nük­li bol­ma­dyk şy­gyr­la­ry­ny bü­tin hal­ka düş­nük­li bo­lan türk­men di­lin­de ýa­zyp, mil­le­tiň kal­by­na, köň­lü­ne ýol aç­dy. Ol şeý­dip, mil­li şa­hyr de­re­je­si­ne gö­te­ril­di.
Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi um­man ki­min giň hem-de köp­ta­rap­ly­dy­gyn­dan öt­ri, keşp­le­riň, ah­wal­la­ryň, duý­gu­la­ryň üm­mül­mez ga­le­re­ýa­sy­dyr. On­da yn­san äh­li­niň kä­mil­lik­de akyl ýe­ti­rip, özün­de açyp bil­jek ah­wal­la­ryň, ol ýa-da beý­le­ki me­se­le ba­bat­da çöz­güt­le­riň, ne­ti­je­le­riň be­ýa­ny­ny ta­pyp bol­ýar.
Mag­tym­gu­ly­nyň nä­de­re­je­de be­ýik şa­hyr­dy­gy­ny te­bi­ga­ty yn­sa­nyň ah­wa­ly bi­len saz­la­şyk­da be­ýan ed­ýän, şeý­le­lik­de, su­rat­lan­dy­ryl­ýan wa­ka­nyň, ha­dy­sa­nyň ga­ba­ra­sy­na äh­li duý­gy syz­gyr­ly­gy bi­len dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän şy­gyr­la­ry­nyň my­sa­lyn­da-da aç­mak müm­kin. Şa­hyr adat­ça şeý­le ýag­daý­da te­bi­ga­ty ada­myň hyz­ma­tyn­da goý­ýar. My­sal üçin:
Bag­lar do­ňup gal­dy, ýa­gyş­lar gör­män,
Bu­lut bewl sal­dy, bu der­de ar­man,
Ze­min za­ýa bol­dy, pe­lek­ler per­man,
Jen­net bol­dy çöl­ler Çow­dur han üçin.

Ýa-da:

Dag­lar ba­şyn eg­di, du­man bü­ren­di,
Ýel­ler ga­la­bil­män, ýer­de süý­ren­di,
Aý-Gün ba­typ, gök­de Myr­ryh gö­rün­di,
Bu­lut­lar bol­du­lar ba­ran, Çow­dur han.

Bu bent­ler us­sa­dyň Çow­dur ha­na ba­gyş­lap ýa­zan iki şyg­ryn­dan alyn­dy. Üns be­riň, äh­li zat he­re­ket­de, äh­li zat ýe­rin­den goz­ga­nyp­dyr, te­bil­le­nip­dir. Hat­da dag­la­ram ba­şy­ny egip, du­ma­na bü­re­nip­dir, öwüs­gin ýel­le­ri­ňem me­ja­ly gal­man, ýer ba­gyrt­lap süý­re­nip ýa­tyr. Nä­me üçin, nä­mä­niň ha­ty­ra­sy­na, el­bet­de, ada­myň mer­te­be­si­niň, ada­myň gym­ma­ty­nyň ha­ty­ra­sy­na. Bu şa­hy­ryň ýo­ka­ry yn­san­per­wer­li­gin­den­dir.
Türk­men hal­ky ir­ki dö­wür­ler­de akyl­da­ryň şy­gyr­la­ry­ny okap ýa-da şy­gyr­la­ry­na ýazylan aý­dym­la­ry diň­läp, be­ýik söz us­sa­dy­nyň:

Ky­ýa­mat­dan bir söz diý­dim ba­ýak­da,
Ga­raw bar­dyr ýer­siz ur­lan ta­ýak­da,
Za­lym­lar hor bo­lar, ga­lar aýak­da,
Ga­ryp, sen ýyg­la­ma, şir dek bo­lar sen.

– di­ýen se­tir­le­rin­den ruh­la­nyp, hy­juw­la­nyp, der­di­ne mel­hem, dä­ri-der­man ta­pyp, şa­hy­ry be­ýik yn­san de­re­je­si­ne gö­te­rip­dir.
Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­ny oka­saň, öz döw­rü­niň og­ly bo­lan­dy­gy­na, bu dün­ýä öz yl­my, dur­muş tej­ri­be­si, syn­la­mak hem-de ne­ti­je çy­kar­mak üşü­gi bi­len göz ýe­ti­ren­di­gi­ne ynan­ýar­syň. Ol türk­men döw­let­li­li­gi ba­ra­da çyn­la­kaý oý­la­nan, mu­ny ar­zuw­lan ha­ky­ky wa­tan­çy­dyr.
Bu­lar me­niň Mag­tym­gu­la dü­şü­ni­şi­miň bir­je ül­şi. Şa­hy­ryň goş­gu­lar di­wa­ny­ny ele alyp, «pi­kir der­ýa­syn­da akyl gä­mi­mi ýüz­dü­rip» baş­la­dy­gym­sa­ýy beý­ni­mi ýüz­ler­çe, bel­ki müň­ler­çe pi­kir gap­lap al­ýar. On­soň, «Mag­tym­gu­la nä­hi­li dü­şün­ýär­siň?» di­ýip so­wal ber­se­ler, kürt­dü­rip dur­ýa­ryn-da, hiç hi­li jo­gap tap­ma­ýa­ryn. Ta­par ýa­lam däl…

Hem­ra Hu­daý­gu­ly­ýew.