Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Munuň özi ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy. Olaryň üsti häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Geçen ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen lukmançylyk desgalarynyň üçüsini – Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini we Halkara pediatriýa merkezini gurmak barada Kararlara gol çekdi. Geçen ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda bu desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goramak, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisi boldy. Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasynyň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. Bu şäheriň köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KTQ International GmbH» kompaniýasynyň şahadatnamasynyň, şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» kompaniýasynyň güwänamalarynyň gowşurylandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumy kabul edildi. Olar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «2021–2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýa», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» bar. Döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Arçman» şypahanasynda goşmaça binalar toplumy gurlar hem-de bar bolan «A» we «B» binalarynyň durky täzelener. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem innowasion sagaldyş infrastrukturasy işjeň kemala gelýär. Giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň esasy maksady bu ajaýyp künjegiň ägirt uly sagaldyş mümkinçiliklerinden peýdalanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan türkmen işewürleri hem dermanhana ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. 2023-nji ýylda Kerki we Mary şäherlerinde täze hususy dermanhanalar açyldy. Geçen ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-iň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Şolaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan «Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin» atly güwänamasyny, BSGG-niň Supramilli referens barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamalaryny aýtmak bolar. Täze güwänamalaryň berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň abraýynyň barha belende galýandygynyň hem-de ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda alnyp barylýan nusgalyk işe ýokary baha berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Baýram HOJAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň professory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.