Ata Watanymyzda ilatyň saglygy ýurduň iň ýokary baýlygy hasaplanýar. Muny hemişe ünsde saklaýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak hem-de bejermek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmek, milli lukmançylykda ýokary bilimli, öz işine ussat hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek ýurdumyzda üstünlikli hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlardyr. Bu möhüm ähmiýetli resminamada halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de aýratyn üns berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Olar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, çemeleşmeleri ýurdumyzda kabul edilen milli strategiýalarda, maksatnamalardyr meýilnamalarda öz beýanyny tapýar.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, her bir adamyň sagdyn we bagtyýar ýaşamagy üçin gönükdirilen borçlaryň biridir. Her bir adam saglygyna üns bermeli. Saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly birahatlyk ýüze çyksa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly. Olar siziň saglyk ýagdaýyňyz boýunça degişli barlaglardan geçmekligi maslahat berer we ugrukdyrar. Lukmanlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak hakyndaky berýän maslahatlaryny dogry berjaý etmek, öz wagtynda lukmana ýüz tutup, degişli barlagdan geçmek we wagtynda bejergi almak wajypdyr. Ýurdumyzda ýola goýlan bu öňüni alyş barlaglary ýokanç däl keselleriň, ýürek-damar keselleriniň, semizligiň öňüni almakda, irki döwürde anyklamakda, netijeli bejermekde ýardam berer.
Sagdyn we berk bedenli bolmak üçin witaminlere baý önümleri iýmeli, sagdyn we dogry iýmitlenmeklige ýykgyn etmeli, gün tertibini kadaly alyp barmaly, arassa howada gezelenç etmeli, ukyny kadaly almaly, bedeniňi arassa saklamaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, hereketde bolmaly.
Şahsy arassaçylyk düzgünleri hem berjaý edilmelidir. Öýde ulanylýan serişdeler ýagny, sabyn, diş çotgalary aýratyn bolmalydyr. Mundan başga-da, ýatmazdan öň kosmetiki serişdeleri ýüzüňden ýuwup aýyrmaly, dişleri ýuwmaly we suwa düşmegi endige öwürmeli. Umuman, her bir adam beden arassalygyna has köp üns bermeli. Beden tämizligi gündelik aladalaryň birine öwrülmeli. Ýüzüňi her gün iki gezek ýyly suw we ýumşak sabyn bilen ýuwmaly. Mundan başga-da, egin-eşikleriňizi her gün çalşyrynmak hem özüňizi arassa hem-de rahat duýmaga kömek eder. Egin-eşikler ýuwlandan soň ütüklemek hökmandyr, bu kesel ýaýradyjylaryň garşysyna ulanylýan iň bir ygtybarly usullaryň biridir. Ýokarda berlen maslahatlar berjaý edilse, her bir adam öz saglygyna saglyk, gözelligine gözellik goşar.
Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen dürdäne setirlerinde beýan edilişi ýaly, başyň täjine deňelýän saglyk hakynda aýratyn alada etmek derwaýysdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň we şahsy arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek dürli keselleriň öňüni almakda wajyp bolup durýar. Gyş paslynda howanyň üýtgemegi, onda zyýanly tozan bölejikleriniň peýda bolmagy bilen, dürli keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar köpelýär. Bu möwsümde ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyga, kadaly we dogry iýmitlenmäge aýratyn üns berilmelidir.
Behişt OJAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.