«OpenAI» kompaniýasy «ChatGPT»-niň «Advanced Voice Mode» funksiýasyny, ýagny häzirki wagtda sesli gepleşip bolýan aýratynlygyny täzeledi. Täzelenmeden soň, emeli aň kömekçisi has «medeniýetli» söhbetdeş boldy. Ol indi söhbetdeşiniň sözüni ýygy-ýygydan bölmeýär.