ABŞ-nyň Tehas ştatynda «Samsung» kompaniýasynyň gurjak çip zawody üçin 6,6 milliard dollarlyk goldaw berler. ABŞ ýurtdaky ýarymgeçiriji önümçiligini artdyrmak üçin hususy kompaniýalara dürli ýeňillikleri hödürleýär. Ýurduň Söwda ministrligi koreý kompaniýasynyň 2021-nji ýylda Tehasda zawod gurjakdygyny yglan edendigini belleýär. Taslamanyň umumy bahasy 17 milliard dollar bolup, onuň çäklerinde çip önümçilik zawodlary, gaplaýjy desga we nou-hau merkezini öz içine alýan iri toplum bolar. «Samsung» maliýe goldawyny alandan soňra bu ýurtdaky maýa goýumynyň möçberini 44 milliard dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem merkezi edarasy Taýwanda ýerleşýän TSMC kompaniýasyna hem maliýe goldawy berler. Çip önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan TSMC-niň Arizonada üç zawody bolup, 5G/6G smartfonlar, özbaşdak hereket edýän ulaglar we emeli aň merkezleri üçin ýokary tehnologiýa çiplerini öndürer.
Aksona GURBANMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.