Papua-Täze Gwineýada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we Karib deňzi sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýän çörek miwesi täsin miweleriň biri hasaplanýar. Bu miwäniň ata Watany Papua-Täze Gwineýa we Hindi-Malaý sebitleri hasaplanýar. Adada ýaşaýan halklar bu miwäni Ýuwaş ummanyň kenaryndaky ýurtlara ýaýradýarlar. Ullakan miwe 1500-nji ýyllarda Ýewropa hem getirilýär. XX asyrda Hindistana hem eltilen çörek miwesi häzirki wagtda 90-dan gowrak ýurtda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýaşyl miwä ABŞ-da we Gawaide «ulu», Portugaliýada «fruta pao», Hindistanda «bakri çajar» diýilýär.
Miwäniň aglaba görnüşi nahardan öň ýa-da soň iýilýän bolsa, çörek miwesi nahar bilen bilelikde iýilýär. Daşky görnüşi jekfruta meňzeýän bu miwe ylmy dilde «Artocarpus altilis» diýlip atlandyrylýar. Ilkibaşda otda ýa-da köze gömlüp bişirilip iýlen bu miwäniň diametri 10-30 santimetre, agramy 3-5 kilograma ýetýär. Gabygy bäşburçluk bölejiklerden düzülen ullakan ýaşyl miwe doly ýetişende, täze bişirilen çörege meňzeş ys we süýtli şire bölüp çykarýar. Ýerli halk çöregiň we ýeralmanyň tagamyna meňzeş çörek miwesini gowrup ýa-da gaýnadyp, nan ornunda iýýär.
Çörek miwesini iýmek üçin, ilki bilen, iki bölege bölmeli we merkezindäki sarymtyl özeni aýyrmaly. Soňra paçagyny ýukajyk aýryp, akar suwuň aşagynda mazaly ýuwmaly. Uzyn ýa-da dörtburç görnüşde böleklere bölüp, islegiňe görä bişirmeli. Köplenç bu miwe uzyn hem-de inçejik dilimlenip, ýagsyz gowrulýar we naharyň ýany bilen iýilýär. Çörek miwesi belogyň we uglewodyň ajaýyp çeşmesi bolup, düzüminde az mukdarda ýag saklanýar. Antioksidantlara baý bu miwe wirusyň we bakteriýalaryň öňüni almaga ýardam edýär. Miwäniň çigitli we çigitsiz iki görnüşi bolýar. Maý-sentýabr aýlary aralygynda ýetişýän çörek miwesiniň çigidini edil kaştan ýaly, bişirip, gaýnadyp ýa-da üwelen görnüşde iýip bolýar.
Çörek miwesi hemişe ýaşyl öwsüp oturan tropik agaçda bitýär. Tutlar maşgalasyna (Moraceae) degişli bolan çörek agajy 60-80 ýyla çenli ýaşaýar. Agajyň bir düýbünden 50-150 sany ullakan miwe alyp bolýar. 25 metre çenli ösýän uly ýaprakly bu agaç gaýyk ýasamak üçin peýdalanylýar. Agajyň gülleri iki jynsly bolup, bir düýp çörek agajy 2 müňe çenli gül açýar. Çigidinden köpeldilýän owadan agaç ilki küýzä ekilýär, soňra açyk meýdana oturdylýar.
PDF









