“SpaceX” kompaniýasy dört astronawty “Fram2” atly missiýanyň çäklerinde Ýeriň orbitasyna gysga wagtlyk syýahat iberdi. “Crew Dragon Resilience” kosmos gämisiniň ýolagçylary Ýeriň adam aýagy sekmedik sowuk ýerlerini asmandan synlamaga mümkinçilik alýarlar. Kosmos gämisiniň penjiresinden alnan şekillerde ak gar we buz bilen örtülen owadan manzary görmek bolýar. “SpaceX” bu barada Ýeriň polýus sebitiniň ilkinji şekilleridigini belledi. Bu täsin syýahata kriptopul milliarderi Çun Wan, norwegiýaly kinematograf zenan Jannik Mikkelsen, awstraliýaly polýusy öwreniji Erik Filips hem-de germaniýaly robot öwreniji zenan Rabea Rogge dagy gatnaşdy. Astronawtlar Ýeriň aşaky orbitasynda – Ýerden 422 kilometre uzaklykda Demirgazyk we Günorta polýuslaryň üstünden birnäçe gezek geçerler. Astronawtlar mundan ozal Halkara kosmos bekedinden anyk synlanmadyk ýerleri ýakyndan görmäge mümkinçilik aldylar.
Astronawtlar bu syýahatyň dowamynda geljekki uzak möhletli kosmos syýahatlarynda uzak möhletli şeýle syýahatlaryň adam saglygyna täsirini öwrenmek maksatly tejribeler geçirýärler. 31-nji martda başlan syýahatyň 3-5 gün aralygynda tamamlanjakdygy mälim edildi.

Amangül Allaberdiýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.