Çagalaryň sagdyn ösmegi we kämilleşmegi üçin sport bilen meşgullanmak zerur bolup durýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, sport diňe beden saglygy üçin däl, ruhy we aň taýdan ösmäge hem ýardam edýär. Häzirki döwürde ýüze çykýan keseller ýa-da nähoşluklaryň köpüsi fiziki taýdan hereketsiz bolunmagynyň netijesinde döreýär. Bu, esasan, tehnologiýanyň durmuşymyza işjeň ornaşmagy bilen hem baglydyr. Sebäbi dürli ýaşdaky adamlar boş wagtyny telewizoryň, kompýuteriň ýa-da telefonyň başynda geçirýär. Bu hem fiziki hereketsizlige, hem-de jemgyýetden üzňe bolmaga getirýär. Şol sebäpli entek kiçi ýaşdan çaganyň ukybyna görä, haýsydyr bir sporty pişe edinmegi bu meseleleri aradan aýyrmaga ýardam edýär. Sport çaganyň ukyplarynyň ýüze çykmagyna hem sebäp bolýar. Şeýle-de, sport bilen meşgullanýan çaga fiziki taýdan güýçli bolýar, öz üstüne jogapkärçilik almagy we köpçülik bilen işleşmegi öwrenýär.
Kerim SEÝITGULYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.
PDF









