Hytaýyň ýokary derejeli ýolbaşçylary Afrika liderleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek maksady bilen tagallalaryny birleşdirmek isleýär. Bu barada Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň 37-nji Afrika Bileleşiginiň (AU) sammitine gatnaşyjylara ýollan gutlag hatynda bellenilýär.
“Men halklarymyzyň abadançylygy bilen baglanyşykly meselelere ünsi jemläp, Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy üçin täze ýol kartasyny taýýarlap, ýokary derejeli jemgyýetiň döremegine itergi bermek üçin Afrika liderleri bilen tagallalarymyzy birikdirmäge taýýardyryn – diýip, Si Szinpiniň gutlag hatynda bellenilýär.
Hytaýyň Başlygynyň hatynda Hytaý-Afrika gatnaşyklarynyň soňky bir ýylda üstünlikli ösýändigi bellenilip, döwrebaplaşdyryş işinde Hytaý bilen Afrikanyň birek-biregi goldaýandyklary, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin bilelikde amatly şertleri döredýändigi öňe sürülýär.
Si Szinpin ýüzlenmesinde halkara arenasynda çynlakaý üýtgeşmeleriň bolup geçýändigi, onuň netijesinde, Hytaý we Afrika ýurtlary “dünýä taryhynyň ösüşine uly täsir edýändigi bellenilýär. Onuň sözlerine görä, Afrika Bileleşiginiň G20 çärelerine gatnaşmagynyň “Afrikanyň global dolandyryşdaky wekilçiligini güýçlendirýär.
17-18-nji fewralda Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebada Afrika Bileleşiginiň sammiti geçirildi. Yklymyň döwlet we hökümet Baştutanlary möhüm meseleleriň çözülmegini, hususan-da Kongo Demokratik Respublikasynyň we Sudanyň gündogarynda sebitleýin integrasiýa we durnukly ösüş meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Afrika bileleşigi 1963-nji ýylyň maýynda döredilip, ilki Afrikanyň agzybirlik guramasy diýlip atlandyryldy. Ol häzirki adyna 2001-nji ýylda eýe boldy. Guramanyň düzüminde 55 döwlet bar. Onuň ştab-kwartirasy Addis-Abeba şäherinde ýerleşýär. Afrika Bileleşiginiň ilatynyň umumy sany 1,27 milliarddan gowrak bolup, esasan, arap, iňlis, fransuz, portugal we Afrika dillerinde gepleşýärler.