Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde iň döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem okuw we ylmy-önümçilik işleri döwrebap derejede ýola goýlup, atçylyk ulgamyny has-da belende galdyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär.
Milli guwanjymyz bolan we owadanlykda taý tapylmaýan türkmen bedewleriniň häzirki döwürde hem milli medeniýetimizi ýokary götermekde, watançylyk duýgularyny galkyndyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan türkmen halky ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini asyrlarboýy sünnäläp, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy.
Türkmeniň atşynaslyk medeniýeti dünýäni bitewüleşdirmekde, halklary dostlaşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygyny guramakda möhüm gurala öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramlarynyň bezegine öwrülen ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek ugrunda täze okuw merkezi hereket edýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw otaglary häzirki zaman kompýuterler, multimediýa tehnologiýalar, barlaghana, lingafon enjamlar bilen üpjün edilendir. Akademiýada döredilen mümkinçilikleriň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir. Ýokary okuw mekdebinde atçylyk fakulteti, atçylygyň weterinariýasy fakulteti, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar fakulteti hem-de oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakulteti hereket edip, olarda halkara tejribesini ýurdumyzyň atçylygyna ornaşdyrmak, arassa ganly tohum atlaryň baş sanyny köpeltmek, ot-iým binýadyny berkitmek we seçgi-tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak ugrunda nazary okuwlary döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda geçýärler. Ylmy-barlag edaralarda atçylyk ugry boýunça işleri alyp baryp, bu ugurda ýokary bilimi boýunça hünärmeniň ýerine ýetirmeli işini öwrenýärler. Talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini tejribede özleşdirmek maksady bilen, akademiýanyň athanasynda, Ahalteke atçylyk athanasynda we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda önümçilik sapaklaryny yzygiderli geçýärler.
Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak we olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýurdumyzyň ýerli tebigy we toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümlikler, olaryň miweleri, däneleri hem-de olardan galýan önümçilik galyndylaryny ulanmak arkaly täze tehnologiýalar esasynda iým garyndysy taýýarlanyldy. Ýaş atlaryň ösýän döwründe baýlaşdyrylan bu iým garyndysy bilen 0,6 kilogram möçberinde goşmaça iýmitlendirmegiň hasabyna ýokumly maddalar, fiziologiki peýdaly energiýa, witaminler, mineral maddalar bilen ýeterlik we kadaly gatnaşykda üpjün edilende taýlaryň ýokary depginde ösmegine ýardam berýändigi subut edildi.
Atçylyk ulgamynda ähli döwrebap işler ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösüşlerinden mysaldyr. Geljekde hem Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň bu ugurda mynasyp goşandyny goşjakdygyny bellemek bolar.
Abdylmälik HOJAGULYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.