Türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi baý we köp ta­rap­ly­dyr. Hal­kyň ХVIII asyr­da­ky dur­mu­şy, şol döw­rüň ta­ry­hy hem-de sy­ýa­sy wa­ka­la­ry, türk­men top­ra­gy­na bo­lan çäk­siz söý­gi, hal­ka bo­lan ys­sy mä­hir, te­bi­gat gö­zel­li­gi, ah­lak aras­sa­ly­gy, söý­gi tä­miz­li­gi – bu­la­ryň äh­li­si Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de orun ta­pyp­dyr. Aja­ýyp eser­le­ri dö­re­den, hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len pel­se­pe­si­ni, kal­by­nyň owa­zy­ny, is­leg-ar­zuw­la­ry­ny dün­ýä ýa­ýan be­ýik söz us­sa­dy­nyň ag­zy­bir­li­ge, je­bis­li­ge, yn­san­per­wer­li­ge ça­gyr­ýan aja­ýyp şy­gyr­la­ry­ny hal­ky­myz ru­hy ýö­rel­ge, päk ter­bi­ýe mek­de­bi hök­mün­de ka­bul ed­ýär. Ag­zy­bir­lik, je­bis­lik, bi­te­wü­lik il-ul­su­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän esa­sy ýol-ýö­rel­ge­sidir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bol­sa bu ýö­rel­gä­ni öl­mez-ýit­mez şy­gyr­la­ry bi­len bü­tin öm­rün­de wa­tan­daş­la­ry­na wa­gyz eden be­ýik da­na­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň şa­hy­ra­na-pel­se­pe­wi ede­bi mi­ra­sy Be­ýik Bi­ri­ba­ra, Wa­ta­na, yn­sa­na, te­bi­ga­ta, adam­zat dur­mu­şy­na be­lent söý­gi­niň aý­dy­my bo­lup, hal­kyň ýü­rek tö­rün­de ba­ky orun al­dy. Bü­tin dün­ýä­niň pel­se­pe­wi pi­kir­le­ri­ni ös­dü­ren, çe­per­çi­lik aňy­ny nur­lan­dy­ran, dün­ýe­wi dur­mu­şy çe­per şöh­le­len­di­ren akyl­da­ryň çuň­ňur paý­ha­sy örän gym­mat­ly­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň pä­him-pa­ra­sa­dy­nyň Ame­ri­ka­da, Ýew­ro­pa­da, Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­gar­da, Hin­dis­tan­da, Uzak Gün­do­gar we Ýu­waş um­ma­ny se­bit­le­rin­de, GDA-nyň ag­za­sy bo­lan ýurt­lar­da giň da­ba­ra­lar bi­len ýaý­ran­dy­gy­ny, be­ýik şa­hy­ryň şy­gyr­lar di­wa­ny­nyň halk­la­ry we döw­let­le­ri bag­la­nyş­dyr­ýan öz­bo­luş­ly ru­hy hal­ka öw­rü­len­di­gi­ni Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­läp geç­ýär. Mag­tym­gu­ly­nyň ru­hy-ah­lak pi­kir­le­ri umu­ma­dam­zat de­re­je­sin­de bo­lup, şo­nuň bi­len bir­lik­de ýaş ne­sil üçin hem gen­ji-ha­zy­na­dyr. Şa­hyr ah­lak­ly­ly­gy ýag­şy­lyk-ýa­man­lyk, jan-ten, ýa­lan­çy-pa­ny dü­şün­je­le­ri­ne esas­la­nyp, bag­tyň hoş­gy­law­ly­gyň, ýag­şy­lyk et­me­giň ýol-ýörel­ge­si­ni öw­red­ýär. Be­ýik söz us­sa­dy öz esa­sy we­zi­pe­si­ne ada­my ru­hy ta­rap­dan gül­let­mek, sag­dyn­laş­dyr­mak di­ýip dü­şü­nip­dir. Mag­tym­gu­ly­nyň ah­lak me­de­ni­ýe­te dü­şü­ni­şi­niň hä­si­ýet­li ta­rap­la­ry­nyň bi­ri, on­da en­çe­me ah­lak ugur­la­ryň ynan­ja ut­gaş­ma­gy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, şa­hy­ryň ah­lak ga­ra­ýyş­la­ry di­ni, dün­ýe­wi, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri bi­len ut­ga­şyp gid­ýär. Mag­tym­gu­ly öwüt-ne­si­hat hä­si­ýet­li şy­gyr­la­ryn­da hal­kyň dur­mu­şyn­da duş gel­ýän däp-des­sur­la­ryň köp­çü­li­ge peý­da­ly, oňat ta­rap­la­ry­ny ne­si­hat edip­dir. Aý­ra­tyn hem ol dost­lu­gy, myh­man­pa­raz­ly­gy, dog­ru­çyl­ly­gy, ag­zy­bir­li­gi ta­ryp­lap­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ar­zuw eden akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň sar­pa­sy­nyň bü­tin tür­ki halk­la­ryň dün­ýä­sin­de iň­ňän be­lent­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­ňe bir türk­men ede­bi­ýa­tyn­da däl, eý­sem, tür­ki dil­li ede­bi­ýa­tyň ta­ry­hyn­da hem uly öw­rü­li­şi­gi dö­re­den şa­hyr. Bu ba­ra­da aka­de­mik W.Bar­told «Äh­li tür­ki halk­la­ryň ara­syn­da di­ňe türk­men­le­riň öz mil­li şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly­sy bar» di­ýip bel­le­ýär. Mag­tym­gu­ly­nyň döw­rü­ne çen­li bo­lan tür­ki dil­li ede­bi­ýat­da, şol san­da türk­men ede­bi­ýa­tyn­da hem umu­my halk dur­mu­şy aý­dyň su­rat­lan­dy­ryl­man­dyr. Şeý­le hem akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­niň öň­ki tür­ki dil­li ede­bi­ýat­dan ta­pa­wut­lan­dyr­ýan ýag­daý, onuň şy­gyr­la­ryn­da be­ýan edil­ýän anyk ta­ry­hy­lyk­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy sö­züň güý­ji, gud­ra­ty bi­len şyg­ry­ýet äle­min­de ady ar­şa ga­lan be­ýik akyl­dar şa­hyr­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýet äle­mi türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň bul­du­rap ak­ýan, çuň­ňur ma­na we çe­per sö­ze teş­ne kalp­la­ry gan­dyr­ýan çeş­me­dir. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ni, Mag­tym­gu­ly­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ede­bi mi­ra­sy­ny, ter­bi­ýe mek­de­bi­ni hem-de fi­lo­so­fi­ki ga­ra­ýyş­la­ry­ny, onuň eser­le­ri­niň türk­men, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­ny baý­laş­dyr­ma­ga eden tä­si­ri­ni yl­my taý­dan öw­ren­mek, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni Ýer ýü­zün­de wa­gyz et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­syn­dan üz­ňe göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­de ne­şir edi­len we oňat be­ze­len tä­ze ne­şir­le­ri ýur­du­my­zyň ki­tap­ha­na gaz­na­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nus­ga­wy şa­hy­ryň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi, fi­lo­so­fi­ki ga­ra­ýyş­la­ry ha­kyn­da­ky pi­kir­le­ri­ni, aý­dan söz­le­ri­ni «Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry» at­ly aja­ýyp ese­rin­de be­ýan ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­da­ly dö­re­di­lip, bu me­da­la türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge, nus­ga­wy şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny yl­my taý­dan öw­ren­mä­ge we wa­gyz et­mä­ge sal­dam­ly go­şant go­şan il­deş­le­ri­mi­ziň köp­san­ly­sy, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň en­çe­me­si my­na­syp bol­du­lar. Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki gö­zel kün­jek­de gu­rul­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň keş­bi­ni ebe­di­leş­dir­ýän ýa­dy­gär­lik akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň sar­pa­sy­nyň nä­de­re­je­de be­lent­di­gi­ni jüm­le-ja­ha­na aýan ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly­lyk bi­len bel­leý­şi ýa­ly, yn­san kal­by­na ýag­şy­lyk şug­la­sy­ny çaý­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pä­him-paý­ha­sy bi­ziň jem­gy­ýe­ti­miz­de has-da ro­waç­lan­ýar.
Türk­men ede­bi­ýa­ty, türki ede­bi­ýa­ty­ň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­dir. Se­bä­bi, türk­men mil­le­ti, tür­ki halk­la­ryň we türk dün­ýä­si­niň iň ga­dy­my ag­za­la­ry­nyň bi­ri, hatda onuň kö­ki hem gö­nez­li­gi­dir diý­sek hem ýal­ňyş­ma­rys. Hut şo­nuň üçin hem türk­men ede­bi­ýa­ty­ny we onuň be­ýik hem gör­nük­li we­ki­li Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni bü­tin Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň çyg­ryn­da ele alyp öw­ren­ýä­ris. Mag­tym­gu­ly öz dö­re­di­ji­li­gin­de esa­sy or­ny, hal­ky­nyň eg­sil­mez baý­ly­gy we ata-ba­ba­la­ry­nyň gö­zel mi­ra­sy bo­lan halk folk­lo­ry­na ber­ýär. Şo­nuň üçin hem şa­hy­ryň goş­gu­la­ry halk köp­çü­li­gi üçin örän düş­nük­li hem-de şeý­le bir ýa­kym­ly, tä­sir­li bo­lup, hal­kyň ru­hu­na we bü­tin kal­by­na or­na­ýar. Şa­hyr öz ede­bi dä­bin­de uly bir tä­ze­lik ge­tir­ýär, ýag­ny goş­gu­la­ry­ny öz döw­rün­dä­ki türk­men halk köp­çü­li­gi­ne örän düş­nük­li dil­de ýaz­ýar. Şeý­le­lik­de, mil­li türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň düý­bü­ni tut­ýar. Mag­tym­gu­ly bu ýö­rel­gä­ni za­ma­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ös­dür­ýär. Şa­hyr sa­da türk­men di­lin­de-de uly ede­bi­ýa­ty dö­re­dip bol­jak­dy­gy­ny, onuň çe­per dö­re­di­ji­lik üçin müm­kin­çi­li­gi­niň örän ulu­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri­niň hal­ky­myz üçin esa­sy gym­mat­ly­gy on­da türk­men di­li­niň örän aras­sa nus­ga­la­ry­nyň bar­ly­gyn­da­dyr. Bu hi­li nus­ga­la­ry şa­hy­ryň at-ýa­rag ha­kyn­da ýa­zan şy­gyr­la­ryn­da gör­mek bol­ýar. Mu­nuň ýa­ly ýag­daý gün­do­gar halk­la­ry­nyň ede­bi­ýa­tyn­da ju­da seý­rek duş gel­ýär. Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady, şy­gyr­la­ry dün­ýä dil­le­rin­de ýaň sal­ýar. Çün­ki, Mag­tym­gu­ly halkymyzyň azat-er­kin bol­ma­gy­ny ar­zuw­la­dy we öz ar­zu­wy­nyň ha­syl bol­jak­dy­gy­na tüýs ýü­rek­den ynan­dy. Şa­hy­ryň ar­zu­wy ha­syl bol­dy. Şo­nuň üçin hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry hök­mün­de dün­ýä­niň köp hal­kla­ry­na meş­hur bol­dy.

Döw­ran An­na­ne­pe­sow,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.