Bilermenler sakgyç çeýnemek bilen bagly birnäçe barlaglary geçirdiler. Barlaglara görä, agyz boşlugynyň aşa köp hereket etmegi kellagyry, eňek agyrysy we dişiň syrçasynyň zeperlenmegi ýaly birnäçe ýagdaýlara getirip bilýär. Eýsem, sakgyç çeýnemek peýdalymy ýa-da zyýanly?! Gazetimiziň şu sanynda soňky ýyllarda çagalardyr ýetginjekleriň arasynda meşhurlygy artan sakgyç barada käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Sakgyç çeýnemegiň iýmit siňdirişe peýdalydygy barada eşiden bolsaňyz gerek. Ýöne muny nahardan soň iýmiti siňdirmek maksady bilen 15 minutlyk ýerine ýetirmeli. Birnäçe sagatlap sakgyç çeýnelen halatynda eňegiň saga-çepe hereketi esasynda gulak myşsalaryna zyýan ýetýär. Uzak wagtlap sakgyç çeýnemek gulagyň eşidişine hem täsirini ýetirip bilýär. Şol sebäpli az wagtlyk sakgyç çeýnemegi endik etmeli. Diş lukmanlarynyň bellemegine görä, uzak wagtlap sakgyç çeýnelen halatynda dişiň syrçasy ýukalyp başlaýar. Bu ýagdaý yzygiderli dowam eden ýagdaýynda, dişler çüýremek bilen bolýar. Bilermenler, esasan hem, şekerli sakgyjyň has-da zyýanlydygyny belleýärler.
Sakgyjyň köpçülikleýin satuwy 1800-nji ýyllaryň ortalarynda Abş-da başlanýar. Tiz wagtdan tagamly rezinjik bütin dünýä ýaýraýar. Şol ýyllar sakgyç öndürijiler müşderileri çekmek maksady bilen sakgyja ys berijiler, şeker we reňk goşup başlaýarlar. Sakgyç çeýnemek 1920-nji ýyllarda has-da meşhur bolup, bir adam ýylda ortaça 105 sakgyç çeýnäpdir. 1950-nji ýyllarda diş lukmanlary sakgyjyň düzümindäki şekeriň dişiň çüýremegine getirýändigi barada düşündiriş işlerini geçirýärler. Netijede, ilkinji şekersiz sakgyç 1960-njy ýyllarda köpçülige hödürlenýär. Wagtyň geçmegi bilen tüýkülik mäzlerine zyýanly bolmadyk sakgyç görnüşleri hem öndürilip başlanýar. Sakgyjyň agyzdaky ysy aýyrmak maksady bilen oýlanyp tapylan narpyzly görnüşi iň gowusy we zyýansyzy hasaplanýar.
Umuman, sakgyç çeýnemek endiginiň saglyk üçin zyýanlydygy sebäpli, käwagt çeýnemek maslahat berilýär. Şeýle hem köpçülik ýerinde sakgyç çeýnemek we çeýnelen sakgyjy ýere taşlamak halanylmaýar. Sakgyç çeýnelenden soň, ony gabygyna dolap, zibil gutusyna atmak maslahat berilýär.