Adam­lar wag­ty bil­mek üçin dür­li ýyl­lar­da dür­li usul­lar­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Hä­zir­ki wagt­da el te­le­fon­la­ryn­da, is­len­dik elekt­ron en­jam­da bar bo­lan sa­gat­lar has ir­ki dö­wür­ler­de me­de­ni­ýe­tiň sim­wo­ly ha­sap­la­nyp­dyr. XIII asyr­da, esa­san, Ýew­ro­pa­da sa­gat diň­le­ri peý­da bo­lup baş­la­ýar. Sa­gat­lar hem­mä­niň gö­rüp bil­jek ýe­rin­de, has be­ýik bi­na­nyň çür de­pe­sin­de, esa­san, yba­dat­ha­na­la­ryň, köşk­le­riň ýa-da mä­hel­lä­niň jem­len­ýän ýe­ri bo­lan meý­dan­la­ryň go­la­ýyn­da ýer­leş­di­ri­lip­dir. Dün­ýä­niň meş­hur ta­ry­hy sa­gat diň­le­ri ba­ra­da bil­mek si­ziň üçin hem gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.

«Elizabeth Tower»: halk ara­syn­da «Big Ben» (Uly jaň) ady bi­len bel­li bo­lan bu des­ga «Ýeli­za­we­tanyň di­ňi» diý­me­gi aň­lad­ýar. Lon­do­nyň hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan des­ga 1858-nji ýyl­da gu­rul­ýar, sa­gat 1859-njy ýyl­da iş­läp baş­la­ýar. Di­ňiň esa­sy ja­ňy, ýag­ny «Big Ben»-iň ag­ra­my 13,7 ton­na ýet­ýär. Her sa­gat­da oňa çe­kiç bi­len urul­ýar. Onuň se­si 15 ki­lo­metr uzak­lyk­dan eşi­dil­ýär. Di­ňiň sa­ga­dy bir­nä­çe ýyl­dan bir ge­zek aras­sa­lan­ýar we abat­lan­ýar. Di­ňiň beýikligi 96,3 met­re ýet­ýär. Di­ňiň dört ta­ra­pyn­da hem sa­gat otur­dy­lyp, ol äh­li ta­rap­dan se­re­di­len­de, uzak ara­lyk­dan wag­ty bil­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Astronomik sagat diňi. Çeh Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Pra­ga­da­ky bu des­ga 1410-njy ýyl­da gu­rul­ýar. Oňa «Pra­ga or­lo­ýy» hem di­ýil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kö­ne şä­her meý­da­ny di­ýil­ýän ýer­de ýer­leş­ýän bu sa­ga­dyň şeý­le meş­hur bol­ma­gy­nyň se­bä­bi he­ni­zem iş­le­ýän, iň kö­ne ast­ro­no­mik sa­gat bol­ma­gy­dyr. Bu sa­gat ada­ty sa­gat­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da gur­lu­şy we aý­ra­tyn­lyk­la­ry se­bäp­li, on­dan ast­ro­nom­lar we ma­te­ma­tik­ler hem peý­da­lan­ýar. Ýer­li hä­ki­mi­ýe­tiň eda­ra bi­na­sy­nyň di­wa­ry­nyň ýü­zü­ne ýer­leş­di­ri­len sa­gat esa­sy üç bö­lek­den dur­ýar. Sa­ga­da se­re­dip, wag­ty, Gü­nüň dog­ýan we ýaş­ýan wag­ty­ny, Gü­nüň we Aýyň ýyl­dyz­la­ryň ara­syn­da ýer­le­şi­şi­ni anyk­lap bol­ýar. Şeý­le hem aýy, gü­ni, dynç gün­le­ri­ni, baý­ram­çy­lyk gün­le­ri­ni gö­rüp bol­ýar.

Mýunhen sagat diňi: şäheriň Tä­ze mu­ni­si­pa­li­tet bi­na­syn­da­ky bu sa­gat di­ňi 1908-nji ýyl­da gur­lup­dyr. Sa­gat di­ňi hep­dä­niň bel­li gün­le­rin­de myh­man­la­ra dür­li «gör­kez­me çy­kyş­la­ry­ny» hö­dür­le­ýär. Bu­la­ryň iň tä­si­ni bol­sa, sa­gat­da­ky 43 sa­ny ja­ňyň çal­ma­gy hem-de gur­jak­la­ryň çy­kyş­la­ry­dyr. Adam ýa­ly ulu­lyk­da bo­lan gur­jak­lar di­ňiň ýü­zün­de sa­gat­dan ep-es­li aşak­da iki gat­ly ýö­ri­te «sah­na­da» ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ýo­kar­ky sah­na­da­ky gur­jak­lar 1568-nji ýyl­da Ba­wa­ri­ýa­nyň Ger­so­gy Wil­helm V-iň Lo­ta­ring Re­na­ta­sy bi­len dur­muş gur­ma­gy­ny su­rat­lan­dyr­ýan sah­na oý­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän bol­sa, aşa­ky gat­da­ky Mis­çi­le­riň tan­sy gör­ke­zil­ýär.
«Zytglogge» diňi: Şweýsariýanyň dör­dün­ji uly şä­he­ri bo­lan Bern­dä­ki bu des­ga XIII asyr­da bi­na edi­lip­dir. Gur­lan wag­tyn­dan bä­ri baş­ga mak­sat­lar üçin hem ula­ny­lan des­ga­da 1405-nji ýyl­da ýü­ze ýan­gyn ýü­ze çyk­ýar. Bi­na 1530-njy ýyl­da düýp­li abat­la­nyp, gü­ni, aýy, tä­leý ýyl­dyz­la­ry­ny gör­kez­ýän me­ha­nizm­ler otur­dy­lyp, saz­ly sa­gat di­ňi hök­mün­de gaý­ta­dan açyl­ýar.