Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalar edýär. Medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Bu babatda şygyrlary hiç haçan öçmejek, könelmejek terbiýeçilik mekdebi bolan nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasy diýseň uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň eserlerini çuňňur öwrenmek ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Gündogary öwreniji alym Ý.Bertels Magtymguly Pyragyny «Jemşidiň jamy» diýip atlandyrypdyr. Çünki şahyryň her bir şygrynyň, her bir setiriniň aňyrsynda heniz ynsanyýete mälim bolmadyk syrlaryň beýik açyşlary bar. Şonuň üçin diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem, bütin dünýäniň alymlary Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwrenmekligi özlerine borç hasaplaýarlar. Magtymgulynyň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde ýaş nesliň terbiýeçilik işinde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr. Ata-babalarymyz perzentlerine pent edenlerinde Magtymgulynyň şygyrlary bilen merdanalygy ündäpdirler. Magtymguly ahlaklylyk, ýagşylyk-ýamanlyk, ýalançy-pany düşünjelerine esaslanyp, ýagşylyk etmegiň, ylym öwrenmegiň ýol-ýörelgesini ussatlyk bilen salgy berýär. Akyldar şahyr adamkärçiligi, ynsan balasyna mahsus bolmadyk edepsizlikleri inkär edipdir. Ol çilimkeşleri, nas atýanlary öz pişelerinden el çekmäge çagyrýar, şeýle ýaramaz endikleriň saglyga, jemgyýete ýaramaz täsir edýändigini, abraý-mertebäňi pese düşürýändigini degerli mysallaryň üsti bilen beýan edýär. Beýik şahyryň eserlerinde ylym-bilim meselesi hem gozgalýar. Ol aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda ylhamyny gaýgyrmaýar. Beýik söz ussady ylym-bilim baradaky düşünjesini ýaşaýan döwri, durmuş tejribesi bilen baglanyşdyryp, okamagy, bilimli-ylymly bolmagy ündäpdir.
Magtymguly, ilkinji nobatda, dogruçyl bolmagy ündeýär. Bu pikir onuň ençeme goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr «Gidiji bolma» diýen şygrynda:
Mert ogludyr, ile ýazar desterhan.
Dogry söz üstünde berer şirin jan.
Ömrüni ötgürer, diýmez bir ýalan,
Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma.
Beýik söz ussady okyjy bilen aýratyn täsirli dilde – ynsan duýgusyny güýçli tolgundyrmaga ukyply çeper keşbiň dilinde sözleşýär. Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, öňdengörüjiliginden kemala gelen şygyrlary ynsan kalbynda ebedi yz galdyrýar. Magtymgulynyň edebi döredijiligine mahsus bu aýratynlyklar ondan soňky nusgawy şahyrlarymyzyň çeper döredijiligine hem uly täsir edipdir. Magtymguly Pyragynyň pähim-parasada püre-pür şygyrlaryndan hem-de onuň döredijilik däplerinden täsirlenen türkmen nusgawy şahyrlary milli dilimiziň many goýazylygyny, şirinligini öz eserlerinde örän ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyrlar. Meselem, Mollanepesiň edebi mirasynda akyldar Magtymgulynyň ýiti täsiri aýdyň duýulýar.
Magtymguly:
Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir tillerim
Arş içre mekan tutan ajap destanym bar meniň
diýse, Mollanepes:
Nepes, sen sözleseň ulus illerde,
Bilbil şeýda bolar täze güllerde,
Asal ezgil dahan içre tillerde,
Ary hüjüm eýlär, bal sesin aňsa
diýip, sada dilde ýazylan setirler bilen halkyň kalbynda müdimilik orun alýar.
Söz ussady Magtymguly Pyragy ynsanyýete akyl-paýhas öwretmek bilen bilelikde ynsanyň duýgusyny güýçli tolgundyrmaga, kalbyňa ýagşylyk nuruny çaýmaga ukyply bolan çeper dilde sözleýär. Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini netijesinde dörän şygyrlary uly täsir, ömürlik yz galdyrýar. Ynsanyýetiň çeper hazynasynda hemişelik orun alan ajaýyp edebiýatyň taryhyndan mälim bolşy ýaly, şahyryň döredijiligindäki öwüt-ündewler kämil hem-de çeper görnüşler onuň dünýägaraýşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gadymy gündogar nusgawy şahyrlarynyň eserlerini köp okamagy, köp ýurtlara syýahat etmegi Magtymguly Pyragynyň gözýetimini has hem giňeldýär. Hywadaky Şirgazy medresesinde okan wagty şahyr beýleki talyplaryň halypasy bolýar. Bu bolsa şahyryň öz deň-duşlarynyň arasynda biliminiň hem-de at-abraýynyň belentde bolandygyna şaýatlyk edýär. Magtymgulynyň ençeme ýurtlara syýahat edip, Gündogaryň ylmy merkezlerinde bilim alyp, örän uly durmuş tejribesini toplanyndan soň ata Watana, mähriban halkynyň arasyna gaýdyp gelenden soň döredijilik äleminde has-da önjeýli işlän döwri başlanýar. Bütin durky il-gününe bolan çäksiz söýgi bilen ýugrulan akyldar şahyr diňe öz döwriniň däl, eýsem, halkyň geljegi we geljekki nesilleriniň ruhunda hem kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes pikirlerini, ahlak düşünjelerini, şygyr ýazmagyň, halkyň söýgüsine eýe bolmagyň beýik mekdebini, aýdyň ýörelgesini goýmagy başardy.
Şahyryň ömrüniň ýekeje pursady hem Watanynyň, halkynyň ykbalyndan sowa geçmeýär. Magtymguly halk bilen bir jan, bir ten bolup ýaşaýar. Hut şonuň üçin hem halk oňa «Milli şahyr», «Nusgawy şahyr», «Akyldar şahyr» diýen beýik atlary berýär. Akyldar şahyryň ýoly, goýup giden beýik terbiýeçilik mekdebi, özünden soňky nesiller tarapyndan dowam etdirilýär, ösdürilýär hem durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebini türkmen nusgawy şahyrlary Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Mätäji, Misgingylyç dowam etdirdi. Türkmen edebiýatçy alymlary, şahyrlary, sungat işgärleri şol ýörelgeleri ösdürip, beýik derejelere ýetirdiler.
Magtymguly Pyragynyň: «Türkmenler baglasa bir ýere bili…» diýen arzuwy hasyl boldy. Türkmenistan özbaşdak döwlet bolup, dünýäniň ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi. Şahyryň paýhasa ýugrulan setirleri indi üç asyra golaý wagt bäri dünýä ýalkym salýar, bütin adamzady hemişe gowulyga çagyrýar. Şahyryň ýagşyny goldamak, gözellige guwanmak ýaly ruhy sagdynlyga çagyrýan setirleri wagtyň geçmegi bilen barha öz täsirini artdyrýar. Magtymguly Pyragy öz esasy wezipesini – ynsanlary ruhy taýdan terbiýelemek, olaryň kalbynda ýagşylyk, päklik duýgularyny oýarmak diýip düşünipdir. Akyldar şahyryň ahlaklylyga, medeniýete düşünişiniň häsiýetli taraplarynyň biri, onda ençeme ahlak ugurlaryň ynanja utgaşmagydyr. Şonuň üçin onuň ahlak garaýyşlary dini, dünýewi, ahlak ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasynyň, tebigy zehininiň ajaýyp miwesi bolup, türkmen halkynyň akyl-paýhasynyň hakyky dabaralanmasy hökmünde her birimiziň kalbymyza we durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Magtymgulynyň şygyrlarynda halkymyzyň şöhratly geçmişi çynlakaý suratlandyrylyp, häzirki ýaly ajaýyp eýýama, bagtly geljege barýan aýdyň ýoly beýan edilýär. Bu goşgular ruhumyzy, kalbymyzy tämizleýji gudrata eýe bolan ajaýyp akyl-paýhas ummanydyr. Ýaşlarymyz üçin ylmy-taglymy esas, okuw-usuly çeşme hem-de terbiýe mekdebi hökmünde onuň gymmaty egsilmezdir. Häzirki wagtda akyldaryň goşgulary umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant hökmünde dünýäniň millionlarça adamlary tarapyndan ykrar edilýär. Magtymgulynyň dogaýy sözleri türkmeni dünýä tanadýar, zeminiň halklary bilen ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar. Türkmen halkynyň ylym-bilim çeşmesi bolan mukaddes dürdäne şygyrlar dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan halklaryň arasynda-da uly gyzyklanma döredýär. Ol şygyrlar dünýä halklary tarapyndan parahatçylygy, dostlugy, doganlygy, ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, ruhubelentligi, milli maddy hem ruhy gymmatlyklara gadyr goýmagy kalba ornaşdyrýan taglymat hökmünde kabul edilýär. Paýhasly sözler günsaýyn ösýän, öňe barýan adamzat nesline özüniň öwrediji, özgerdiji, gözellige, ruhubelentlige çagyryjy oňaýly täsirini ýetirýär. Akyldar şahyryň edebi mirasy mertligi, batyrlygy, watançylygy, söýgini wasp edip, ýaşlaryň kalbynda uly orun aldy. Bu bolsa akyldar şahyryň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň çäksizdigini görkezýär. Şahyryň öz pederi Döwletmämmet Azada bolan garaýyşlary, aýdyşyklaryndaky mertebe saklaýşy ýaş nesil üçin özboluşly mekdepdir. Akyldar şahyrymyzyň türkmen milli terbiýeçilik häsiýetleriniň iň naýbaşylaryna ýugrulan şygyrlary bolsa milli türkmen pedagogikasynyň hiç haçan könelmejek nusgalyk mekdebidir.
Döwran Annanepesow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.