Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmeginiň çäklerinde köp sanly çärelere giň gerim berildi. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Akyldar şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar.
Häzirki wagtda türkmen halkynyň beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan geçen ýyldan başlap, Türkiýede, Azerbaýjanda, Gruziýada, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Rumyniýada, Russiýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada, Eýranda, Pakistanda, Hindistanda, Germaniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, filmleriň we wideoşekilleriň görkezilişleri, edebiýat agşamlary we bäsleşikler guraldy.
Şeýlelikde, akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler we meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga mümkinçilik berýär.
Aşgabat şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi. Festiwalyň esasy maksady akyldar şahyryň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik we şygryýetinde beýan edilen beýleki ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň döredijilik işjeňligine itergi bermek bolup durýar.
Ýaňy-ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Müň manyly Magtymguly» atly täze kitap çap edildi. Kitapda Magtymgulynyň şygryýetinde jemlenen müňde bir manynyň arasynda, esasan, şahyryň astronomiýa, geografiýa, lukmançylyk, zoologiýa, botanika, himiýa, janly we jansyz tebigat bölejikleriniň arasyndaky baglanyşygy gozgaýan ylmy-tebigy düşünjeler barada beýan edilýär. Şol düşünjeler hem kitabyň esasy mazmunyny emele getirýär.
Eserlerinde watançylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, däp-dessurlara hormat goýmak, edermenlik we bitewülik ýaly gymmatlyklary hem häsiýetleri wasp eden akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy türki halklarda hem giňden bellenilýär. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek baradaky karary bilen Pyraga bagyşlanan dabaralara badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň guramagynda dünýäniň dürli ýurtlarynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe boldy. Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde, Hytaýyň paýtagty Pekinde, Fransiýanyň Mezon-Laffit şäherinde, Singapuryň ýokary okuw mekdebinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar geçirildi. Şol dabaralarda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzadyň ruhy mirasydygy aýratyn nygtalyp geçildi. Ýokarda agzalan ähli çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň häzirki daşary syýasatynda Magtymgulynyň öz döwründe wagyz eden ýörelgeleriniň hem beýanyny tapýandygy bellenildi. Onuň arzuwlary we taglymlary ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň mazmuny bilen sazlaşykly utgaşýar.
Şeýlelikde, akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler we meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga, onuň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açyp görkezmäge, Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan netijeli ynsanperwer dialogy, dostluk gatnaşyklaryny, halklaryň arasyndaky düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Baýmämmet AŞYRMÄMMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.