Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ykdysady bilimleri öwretmek işleri kämil özgerişleri başdan geçirýär. Bu, esasan hem, milli ykdysadyýetde bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglydyr. Çünki onuň gurluşy üýtgeýär, ykdysady giňişlik gitdigiçe ulalýar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysady täsirleriň esasyndaky gatnaşyklar hem üýtgeýär. Ykdysady hünär boýunça bilim alýan talyplaryň häzirki zaman bilimi, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähli üýtgeşmeleri öz wagtynda öwrenmegi, tiz hem dogry netije çykarmagyny talap edýär. Dürli pudaklar çeýe pikirlenmäge ukyply, çalt üýtgeýän ykdysady ýagdaýlara uýgunlaşyp bilýän hünärmenlere aýratyn isleg bildirýär.
Zähmet bazary bäsdeşligiň ýokarlanmagyny ykdysatçy hünärmenleriň öňünde möhüm wezipe edip goýýar. Bu bolsa ykdysady, maliýe we salgyt ugrundan bilim alýan talyplar üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle ykdysady dersleriň biri-de, geljekki salgytçy hünärmenleri taýýarlamakda esasy orun tutýan, salgytlar we salgyt salmak dersidir. Ders ykdysady we hukuk gatnaşyklarynyň aýratyn bölegi bolmak bilen, ýaş ykdysatçylar taýýarlanylanda zerurlyk hasaplanýar. Çünki häzirki döwürde käbir salgytlaryň gurluşynyň, tölenilişiniň aýratynlyklary düýpgöter tapawutlanýar. Her bir ýurduň salgyt ulgamynyň döreýiş taryhy we amal ediş tejribesi milli aýratynlyklaryna baglylykda üýtgeýär. Hut şu nukdaýnazardan, bu ugurdan diňe amaly bilim almak ýeterlik bolman, eýsem, döwletiň salgyt ulgamynyň emele gelşine we alnyp barylýan salgyt syýasatyna doly düşünmek, salgyt salmak nazary garaýyşlar babatynda düýpli bilimleriň toplumyny binýat edinmek, ylmyň bar bolan meselelerine düşünmek möhümdir. Şunda ykdysady dersleri okatmagyň usullary bilen bagly meselelere wajyp ornuň degişlidigini görmek bolýar. Bu dersler ylmy gözlegleriň usulyýetine esaslanyp giňişleýin okadylmagy talyplaryň täzeçil garaýyşlaryny açyp görkezmegine itergi berýär.
Ylmy-derňew usulyýeti – talybyň bar bolan ykdysady taglymatlaryny kesgitlemek we kämilleşdirmek ukybyny ulanmagy arkaly amala aşyrylýar. «Usulyýet» düşünjesi gözlegiň, okatmagyň, şeýle-de, bilim almagyň belli bir çemeleşmesini aňladýar. Salgyt salmaklyga degişli dersler ykdysady hukugyň we salgyt hukugynyň bitewüligi bolup çykyş edýär.
Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan talyplaryň bir bölegi geljekki hünär ugry boýunça salgyt gullugynda zähmet ýoluna başlaýar. Bir bölegi bolsa, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekmegi saýlaýarlar. Birinji ýagdaýda, ýaş hünärmenlere salgytlary düzgünleşdirmek we salgyt gözegçiligini amala aşyrmakda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça maglumatlaryň elýeterliligi döredilýär. Ikinji ýagdaýda bolsa, salgyt ugrundan bilim almagyň netijesinde ýaş hünärmenler, degişli edara-kärhanasynyň girdejisini artdyryp, salgyt kanunçylygyna laýyklykda salgytlaryň möçberini mümkin bolandan pes derejede gurap bilýärler. Hususan-da, bu ugurdan döwrebap bilimli hünärmenler, ykdysady işiň ähli görnüşlerinde salgyt salmak boýunça maslahatçy bolup çykyş edýärler.
Ýokary bilim almak – ylym bilen meşgullanmagyň ilkinji basgançagydyr. Hut şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «bilim – ylym – önümçilik» diýen zynjyry emele gelýär. Bu zynjyr talyp ýaşlaryň alan bilimdir ylmyny önümçilikde kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ykdysady ugurdan bilim almak hem salgyt salmaklygy düzgünleşdirmek boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde tejribe toplamaga şert döredýär. Salgyt salmaga degişli dersleriň düzümi umumy we amaly sapaklary öz içine alýar. Onuň dowamynda ykdysady işjeňlige salgyt salmak hem-de salgyt hukuk gatnaşyklaryň kanuny aýratynlyklary öwredilýär.
Okuwlaryň üstünlikli alnyp barylmagynyň esasy alamaty sapagyň dowamynda berlen maglumatlaryň özbaşdak özleşdirilmegidir. Şu ýerde amaly sapaklaryň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek.
Islendik meseläni köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmak, dürli görnüşli maglumatlary deňeşdirmek hem okuw usuly ýa-da amaly sapak görnüşinde geçirilip bilner. Şeýle sapaklaryň dowamynda talyplar biri-biri bilen pikir alşyp bilýärler. Sapaklaryň taýýarlyk, esasy we jemleýji tapgyrlary tapawutlandyrylýar. Taýýarlyk tapgyry toparlaýyn ara alnyp maslahatlaşmagyň möhüm bölegi bolup, onuň dowamynda talyplar söhbetdeşlige taýýarlanýarlar. Bu tapgyrda talyplaryň dykgatyna zerur maglumatlary ýetirmek we toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk görülýän meselä gyzyklanma döretmek möhümdir. Netijede, ýaşlaryň meseläni bilelikde çözmäge bolan ukyplary artýar. Jemleýji tapgyr pikirleriň, garaýyşlaryň we kararlaryň umumy ylalaşylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu tapgyrda her gatnaşyjynyň tutuş toparyň işine goşan şahsy goşandy seljerilýär. Tejribäniň görkezişi ýaly, bu usulyýet bitewi ylmy garaýşyň döremegine ýardam berýär. Talyplaryň pikir özbaşdaklygyny we işjeňligini güýçlendirýär.
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynda mugallymlaryň öňünde goýulýan wezipeleriň kesgitli we anyk ýerine ýetirilmegi möhümdir. Elbetde, bu milli ykdysadyýetiň pudaklarynda hünärmenlere bolan zerurlyklaryň talabalaýyk üpjün edilmegine şert döredýär. Bu başarnyk ykdysadyýetiň ugurlarynda giňişleýin bilimleri göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, geljekki ýaş hünärmenlerde işde ýüze çykjak ýagdaýlara mynasyp baha bermek bilen, tiz karara gelmek ukyplaryny taýýarlaýar. Talybyň goşmaça özbaşdak işlemegi üçin özbaşdak işi, referat ýaly baha beriş gurallary hem ulanylyp bilinýär. Talyplaryň diňe taýýarlyklaryny ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary hünärli işlere ugrukdyrmak däl-de, eýsem, ylmy-gözleg işleri üçin gerek bolan başarnyklary öwretmek hem möhümdir. Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar önümçilikde işlemek bilen, tutuş adamzadyň durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmelere we ýagdaýlara düşünmeli, şeýle-de degerli netije çykarmaga taýýar bolmaly. Ine, şeýle hünärmenler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmekde mynasyp islegden peýdalanar. Çünki dünýä täzeliklerinden habarly, döwrebap pikirlenip bilýän hünärmen, ýagny adam kapitaly milli ykdysadyýetimizde özgerişi döreder.
Ymamguly REJEPOW,
Jumageldi SALAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.