Hormatly Prezidentimiz döwletimizde ylmy, bilimi dünýä derejesinde ösdürmekligi, halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň medeni mirasyny dikeltmegi giňişleýin we çuňňur öwrenmegi, wagyz etmegi döwlet derejesindäki derwaýys wezipe edip goýdy, bu ugurda saldamly çärelere badalga berdi.
Bu meselede gadymdan gelýän ylmy ýörelgäniň dowamaty hökmünde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda we welaýat merkezleriniň ählisinde gurlup ulanmaga berlen döwrebap kitaphanalar iş ýüzünde amala aşyrylan anyk we möhüm çärelerdir. Olar medeni we ylmy çäreleriň yzygiderli geçirilýän ojaklaryna öwrüldi. Ýurdumyzda 70 ýyla golaý wagt bäri ýörite orta we ýokary hünärli kitaphana işgärleri taýýarlanylyp gelinýär. Kitaphanaçylyk işiniň taryhy, ýurduň ylmy, medeni we magaryfçylyk işleri bilen berk baglanyşykly bolmak bilen ol, şol bir wagtyň özünde, milletiň taryhynyň hem aýrylmaz bölegidir.
Kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Muny biziň nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görüp bilýäris. Ynsan durmuşy okamak, öwrenmek, akyl ýetirmek ýaly peýdaly endikler bilen berk baglanyşyklydyr. Elbetde, adamyň aň-düşünjesiniň giň bolmagy üçin okamagyň, has takygy, kitabyň orny uludyr. Eýsem, kitaby diňe bir okamak ýeterlik bolman, ony aýawly saklamak hem gerekdir.
Häzirki wagtda kitaphanalarda çap edilen, ýazga alnan we elektron görnüşinde kitaplar saklanýar. Adamlar okamak, seretmek, diňlemek, gözlemek, soramak, dynç almak, pikir alyşmak, öwrenmek we pikirlenmek üçin kitaphana gidýärler.
Kitaphanalara kiçi we uly şäherlerde, mekdeplerde, uniwersitetlerde, kollejlerde duşmak bolýar. Dünýädäki iň meşhur kitaphanalar Londondaky Britan milli kitaphanasy, Waşingtondaky Kongres kitaphanasy we Russiýanyň döwlet kitaphanasydyr.
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň iň uly kitaphanalarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Kitaphanalar öz jemgyýetçilik ähmiýetini beýleki medeni we maglumat edaralary bilen bilelikde berkitmelidirler hem-de okyjylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmelidirler. Şol bir wagtyň özünde kitap okamak elýeterli we köptaraply häsiýete eýe bolmalydyr. Şunlukda, täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary işjeň ulanylmalydyr» diýen parasatly jümlelerinden ugur alyp, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy öz işini döwrebap derejede guraýar.
Döwlet kitaphanasynyň hazynasy 5,6 milliondan gowrak neşir birliklerinden ybarat bolup, jemi 17 sany bölüm hereket edýär. 2016-njy ýyldan bäri ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda Bitewi elektron kitaphana ulgamy hereket edýär.
Diýarymyzda bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar yzygiderli döredilýär we baýlaşdyrylýar. Şeýle hem ol maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriji ulgam bolup, maglumatlaryň elýeter üpjünçiligini döretmäge, giňeltmäge niýetlenendir. Bu ulgam maglumat gözleglerini gysga wagtda amala aşyrmaga, internet ulgamyndan erkin peýdalanmaga şert döredýär.
Bägül ATOWOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.