Italiýanyň Bakoli şäherindäki Baýýa arheologiýa parkynda suwasty abatlaýyş taslamasynyň çäklerinde alymlar suw basan Rim willasynyň mermer poluny ýüze çykardylar. Tapylan pol ir döwürlerde Rim begleriniň kaşaň şypahanasy hökmünde tanalýan suw basan Baýi şäherinde ýerleşýär. Şäher willalary, çeşme-çaýlary we jana tenekar howasy bilen tanalypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, Baýiniň käbir ýerlerini wulkan işjeňligi we Ýeriň üstki gatlagynyň ýuwaş-ýuwaşdan aşak çökmegi sebäpli suw basypdyr.
Poluň meýdany, takmynan, 250 inedördül metr bolup, onuň ýaşy Rim imperiýasynyň ahyrky döwürlerine degişli hasaplanýar. Ol çylşyrymly geometrik nagyşlary emele getirýän mermeriň uly parçalarynyň ulanylmagy bilen häsiýetlendirilýän «opus sectile» usuly arkaly ýerine ýetirilipdir. Bu tär, köplenç, willalar, köşkler we köpçülik hammamlary ýaly, kaşaň binalarda baýlygy we çeperçilik taýdan ussatlygy görkezmek üçin ulanylypdyr. Gyzykly ýeri hem pol öň ulanylan mermerden düşelip, munuň çykdajylary azaltmak maksady bilen edilen bolmagy mümkin. Bu hatda iň baý adamlaryň hem maliýe kynçylyklaryny başdan geçirendigini görkezýär.