Ösümlikleriň ýaşaýşy üçin daşky gurşawyň belli bir şertleri zerurdyr. Olaryň esaslary ýagtylyk, ýylylyk, suw, toprakdaky iýmit elementleri, howadaky kömürturşy gazy we kisloroddyr.
Ýylylyk akymy tohumyň şinelemegi we gögerip çykmagy, gämikleriň emele gelmegi, ösümlikleriň suwy we iýmit maddalaryny sorup almagy, organiki maddalaryň döremegi, dürli organlaryň emele gelmegi hem-de ösüp boý almagy we olaryň ösüşiniň her bir döwrüniň bolup geçmegi üçin zerurdyr. Şoňa görä-de, howanyň temperaturasy ösümlikleriň ýaşaýşynyň ähli taraplaryna täsir edýär.
Organiki maddanyň sintezi ýa-da fotosintez gök ösümlikleriň ýaşaýşynyň möhüm funksiýasydyr. Fotosintez üçin bolsa bir wagtyň özünde ýagtylyk, ýylylyk, suw we iýmit maddalary zerurdyr. Fotosinteziň manysy ösümlikleriň ýapraklarynyň hloroplastlary tarapyndan siňdirilýän Gün şöhlesiniň energiýasynyň täsiri astynda suwuň dargaýanlygyndan ybaratdyr. Şunlukda, erkin kislorod emele gelip, howa garyşýar, wodorod bolsa kömürturşy gazyň uglerodyna birigip, ony dikeldýär, netijede bolsa uglewodlar, beloklar, kislotalar, witaminler we başgalar ýaly organiki maddalar emele gelýär.
Organiki maddalaryň döremegi bilen bir wagtyň özünde ösümliklerde bolup geçýän gapma-garşylykly prosese «dem alyş» diýilýär. Dem alyş ösümlikleriň toprakdan suw bilen birlikde ergin iýmit maddalaryny hem alyp, olaryň ýapraklara geçirilmegi we beýleki ýaşaýyş prosesleri üçin zerur bolan energiýadan boşadylmagy organiki maddanyň harçlanmagy bilen gabat gelýär. Dem alyş wagtynda ösümlikler ýylylyk bölüp çykarýar.
Oba hojalyk ösümliklerinde fotosintez howanyň temperaturasy 0 derejeden ýokary bolanda başlanýar. Oba hojalyk ekinleriniň köpüsinde fotosintez üçin iň az temperatura 0, +5 dereje bolanda has amatlydyr ýa-da fotosinteziň intensiwligi ýokary derejä ýetendäki optimal temperatura 20 – 30 dereje çäkler aralygy hasaplanýar. Temperaturanyň has-da ýokarlanmagy fotosinteziň intensiwligini üzül-kesel peseldýär, 40-45 dereje bolanda bolsa, ol dolulygyna togtaýar.
Temperatura otrisatel mahalynda-da ösümlikleriň dem alşy bolup biler. Ösümlikleriň köpüsinde onuň aşaky çägi 10 dereje, ösümlikleriň gyşy üstünden geçirýän böleklerinde, meselem, agaçlaryň pyntyklarynda hatda – 20-30 dereje mahalynda-da dem alyş mese-mälim bildirýär.
Oba hojalyk ösümlikleriniň ählisi ýylylyk babatynda esasy iki topara bölünýär: aram guşaklyk ösümlikleri we günorta giňişligiň ýylylygy söýýän ösümlikleri.
Birinji topara girýän ösümlikler aram klimat şertlerinde taryhy dörän ösümlikler (gorçisa, nohut, bugdaý, arpa, roj, süle, zygyr we başgalar) bolup, olar ýylylygy az talap edýär. Olaryň tohumy temperatura 1-den 5 dereje aralykdaka gögerip çykýar, güllemegi we ýetişmegi üçin bolsa ortaça temperatura 10-12 dereje bolup biler. Munuň ýaly ösümlikler sowuk howa çydamlydyr: olaryň gämikleri 6-10 dereje çenli doňaklygy başdan geçirmäge ukyplydyr. Güýzlük formalary has sowuk howa çydamlydyr. Birinji topara girýän ösümlikleriň köpüsiniň ösüşi demirgazyga ýakynlaşdygyça (uzyn günli ösümlikler) çaltlaşýar.
Günorta giňişligiň şaly, mekgejöwen, noýba, dary, gowaça, garpyz, gawun, hyýar we başgalar ýaly ýylylygy söýýän ösümlikleriň ýylylyga bolan talaby has ýokarydyr. Olaryň tohumynyň gögerip çykmagy üçin temperaturanyň 8-15 dereje, güllemegi üçin 15-20 dereje bolmagy gerek. Bu ösümlikler tropiki ýa-da subtropik klimatly şertlerde emele gelendigi üçin pes temperatura onçakly çydamly däldir. Olaryň diňe käbiri (mekgejöwen, dary) 2-3 derejä çenli gysga wagtlaýyn doňaklyga çydap biler, köpüsi welin, pes temperatura çydam edip bilmeýär. Şol bir wagtyň özünde olar aşa yssa howa çydamlylygy bilen tapawutlanýar.
Günorta giňişlik ösümlikleriniň köpüsi gysga günli ösümliklere degişlidir we demirgazykdan günorta ýakynlaşdygyça olaryň ösüşi çaltlaşýar.
Ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ösümlikleriniň we olaryň sortlarynyň ösüş döwrüniň dowamlylygy hem-de ýylylygy talap edijiligi dürli-dürlüdir. Demirgazykda arpanyň, süläniň, nohudyň we beýleki ekinleriň tiz ýetişegen sortlary ekilýär, şol sortlar ösüş döwrüniň ortaça gije-gündizlik temperaturasynyň jemi 1000 derejä barabar bolan 60-70 günüň içinde ýetişýär. Munuň tersine, gowaçanyň tiz ýetişegen sortlarynyň ösüşi 120-130 günläp dowam edýär, umumy ýylylygy talap edijiligi bolsa 2500-3000 derejä ýetýär, giç ýetişýän sortlarynyň ösüşi üçin bolsa 150-160 gün we jemi 4000 derejä golaý ýylylyk gerek bolýar.
Ösümlikleriň ýaşaýşynda suwuň ähmiýeti örän uludyr we köpdürlüdir. Munuň özi ozaly bilen fotosintez üçin zerurdyr. Ösümlik dokumalarynyň suwdan doýmagy ösümlikleriň kadaly ösmeginiň hökmany şertidir. Ösüşiň ähli hadysalary suw bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Demligip ýatan tohum öz massasyndaky suwuň mukdary 20-25%-e ýetende (gant şugundyrynyň tohumy üçin olaryň massasynyň 120% töweregi) ýaşaýşyň ilkinji alamatlaryny duýup başlaýar. Tohumyň doly çişmegi we şinelemegi üçin yzgar has köp gerek. Şeýle-de bolsa organiki maddanyň emele gelmegi üçin gidýän suwuň möçberi onçakly köp däldir, ol ösümligiň sarp edýän yzgarynyň 1%-den hem az mukdaryny tutýar.
Suw bilen birlikde onda erän azot, fosfor, kaliý, kükürt we beýleki iýmit elementleri toprakdan ösümlige aralaşýar. Ýöne şu möhüm funksiýa üçin hem (kül elementleriniň özleşmegi) suwuň az-owlak, takmynan, sarp edilen mukdarynyň 9%-e barabar bölegi gerek. Suwuň beýleki galan massasy (9⁄10 bölegi) dokumalaryň sowamagy üçin zerur bolan ýylylyk şertlerini saklar ýaly ösümlikleriň ýüzünden bugaryp gidýär. Bu prosese transpirasiýa, ösümlikleriň hasylyň gury organiki madda birligini döretmek üçin sarp edýän suwunyň mukdaryna bolsa transpirasion koeffisiýent diýilýär. Ol ösümlikler tarapyndan harçlanan suwuň massasynyň hasylyň gury maddasynyň massasyna bolan gatnaşygydyr.
Transpirasion koeffisiýentiniň ululygy dürli ekinlerde birmeňzeş däldir. Dary, jöwen, mekgejöwen gury organiki maddanyň emele gelmegi üçin suwy has tygşytly harçlaýar. Ösümlikleriň şu toparynyň transpirasion koeffisiýentiniň ortaça ululygy 200-300-e barabardyr. Şaly, gowaça, bakja ekinleri, ylaýta-da köpýyllyk otlar suwdan has köp peýdalanýar. Oba hojalyk ösümlikleriniň ösüş döwründe harçlaýan suwunyň umumy mukdary her gektar üçin 2-4 müň tonna barabardyr we ondan hem köpdür.
Köpsanly we dürli görnüşli oba hojalyk ösümlikleriniň arasynda guraklyga has çydamlylygy bilen tapawutlanýan görnüşleri hem-de sortlary bardyr. Bu ukyplylyk ösümlikleriň birentek alamatlary we häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr. Olaryň kuwwatly kök ulgamynyň ähmiýeti aýratyn-da uludyr, şonuň ýaly kök ulgamlary topraga has çuň aralaşyp, topragyň yzgaryndan gowy peýdalanyp biler.
Sorgo we dary guraklyga has çydamly ösümliklere degişlidir. Mekgejöwen, nohut, günebakar, gant şugundyry, bakja ekinleri, sary ýorunja, ýabany süle we beýleki ösümlikler bolsa kem-käsleýin çydamlydyr.
Ösümlikler organiki maddany gurmak we ýaşaýşyň ähli funksiýalaryny amala aşyrmak üçin daşky gurşawda özlerine zerur bolan maddalary ýa-da iýmit elementlerini alýarlar.
Ösümliklere haýsy maddalaryň zerurdygyna has aýdyň göz ýetirmek üçin olaryň himiki düzümine garap geçmek gerek. Ozal bellenip geçilişi ýaly, ösümlikleriň ösüşi organlary (ýapraklary, baldaklary, şeýle hem güljagazlary, miweleri we ýaşajyk kökleri) özünde 80-90% suw saklaýar. Gury maddalaryň paýyna ortaça olaryň massasynyň 10-20%-i düşýär. Dürli ösümlikleriň gury maddalarynyň himiki düzümi olaryň ösüşiniň dürli döwürlerinde birmeňzeş däldir. Esasy organiki maddanyň ortaça düzümi şu aşakdaky ýalydyr (gury maddanyň göterimi hasabynda): uglerodyňky 45, kislorodyňky 42, wodorodyňky 6,5 we azodyňky 1,5-dir. Kül elementleriniň paýyna orta hasap bilen 5% düşýär. Külüň düzümine toprakdaky duş gelýän elementleriň ählisi diýen ýaly, hatda iň bir seýrek duş gelýänleri-de girýär, ýöne olaryň ösümlikler üçin zerur bolmadyklary hem bardyr.
Ösümlikler zerur maddalaryň ählisini daşky gurşawdan, howadan we toprakdan alýar. Şoňa görä-de, ösümlikleriň iýmiti howa, toprak ýa-da kök iýmitlerine bölünýär. Iýmit elementleriniň haýsy-da bolsa biriniň toprakda ýetmezçilik etmegi ösümlikleriň ösüşini hem-de boý alşyny üzül-kesil ýaramazlaşdyrýar we olaryň önümliligini peseldýär. Şu sanalan elementleriň haýsy-da bolsa biriniň bolmazlygy ösümlige zeper ýetirip biler. Şoňa görä-de, ösümlikleriň iýmit elementleriniň ählisi zerurdyr we olaryň ornuny hiç zat bilen çalşyryp bolmaz.
Haýytbaý Gylyjow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.