Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyz öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Şunda Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine eýermegini dowam etdirer. Sebit derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek, hususan-da, ony BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk arkaly pugtalandyrmak ýakyn geljek üçin bellenilen ileri tutulýan wezipelerdir.
Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirer. Bu ugurda ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara düzümleri, institutlary we BMG-niň edaralaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar. Şunda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mümkinçilikleriniň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna mundan beýläk-de ulanyljakdygyny bellemek wajypdyr.
Türkmenistan durmuş-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň üstünde işlemegi dowam etdirýän Türkmenistan garyplygy ýok etmäge, ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin halkara maliýe arhitekturasyny kämilleşdirmäge, ählumumy energiýa, ulag baglanyşygyny berkitmäge, bütindünýä aragatnaşyk-tehniki serişdeleriniň, emeli aň ulgamlarynyň deňagramly ösüşine gönükdirilen anyk ädimleri amal etmegi maksat edinýär.
Howa meselesi-de Türkmenistan üçin üns merkezinde bolmagynda galýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi – BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirer. Merkeziň işi howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, gowşak ekoulgamlary dikeltmäge, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we beýlekilere gönükdiriler.
Medeniýetara dialogy güýçlendirmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak hakynda Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriň güni» atly Kararnamasynyň taslamasyny ilerletmegi dowam etdirmegi teklip edýär.
Şu ýylyň 5–7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabada amala aşyran sapary örän möhüm waka bolup, munuň özi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejededigini tassyklaýar. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň esasy kesgitleýji häsiýeti guramanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Bu maksatlar bolsa parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem dünýä syýasatynda ykrar edilen halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalary tassyklamagy öz içine alýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek resmi taýdan ykrar edildi. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe sessiýalarynda wise-başlyklyk etdi. Döwletimiz bu abraýly wezipäni öňde boljak 79-njy sessiýada hem ýerine ýetirer. Häzirki wagta çenli türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça halkara seneleriň üçüsi – 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni, 26-njy noýabrda bolsa Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär.
Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek ýaly möhüm ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmek ýaly möhüm ugurlarda BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
Ýurdumyz ynsanperwer ugurly birnäçe iri halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu bolsa milli derejede möhüm çözgütleri kabul etmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 30 müňe golaýynyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) ýaly iri halkara guramalaryň wekilhanalary hereket edýär.
Golaýda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda paýtagtymyzda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge taýýardygynyň, şeýle hem taraplaryň ählumumy meseleler, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda bilelikde iş alyp barmaga ygrarlydygynyň özboluşly nyşany bolup durýar.
Gülaram DURDYÝEWA,
«Türkmennebit» DK-niň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.