Bürgüt (“aquila chrysaetos”) gyrgylar maşgalasyna degişli bolup, dag etekleriniň arçalyk zolaklarynda, çölüň sazaklyklarynda, derýa jülgelerinde, harabalyklarda ýaşaýar. Bürgüt uly, ýyrtyjy guşlara degişlidir. Bedeniniň uzynlygy 80–93 sm. Bedeniniň umumy reňki goýy goňur, ýeňsesindäki uzyn ýelekleri goýy çypar reňklidir. Döşüniň reňki arkasyna garanyňda açygrak bolýar. Ak reňkli guýruklarynyň içinden inli gara zolak geçýär. Ganatynyň uly ýelekleri gara reňklidir Ganatlarynyň uzynlygy 60–70 sm-e ýetýär. Bürgütler höwürtge gurup ýaşaýan oturymly guşdur. Ýyrtyjy guşlaryň bu görnüşi höwürtgesini daglarda – kert gaýalaryň erňeklerinde we arçalyklarda, çölde sazaklykda, sözenlikde harabalaryň diwarlarynda gurýar. Ol höwürtge gurýan ýerinde köp ýyllap ýaşaýar. Iýmit azalan ýagdaýynda ýaşaýan ýerini terk etmeýär. Bürgüt köpelýän döwründe adatça, 2–3 ýumurtga goýýar. Ýumurtgany 45 gün basýar, aprelde jüýjeleýär. Jüýjeler 70 günlük bolanlarynda höwürtgeden uçup gidýärler. Bürgüt ownuk oňurgaly haýwanlar (kirpi, towşan, alaka, suwulgan, hažžyk, pyşdyl we beýlekiler) bilen iýmitlenýär. Ol örän ir wagtlardan bäri awçylykda ulanylýan guşlaryň biridir.
Bu guş Türkmenistanda – Hazar deňziniň Günorta-gündogar kenarynda, Uly we Kiçi Balkanda, Köpetdagda, Köýtendagda, Bathyzda, Üstýurtda, Zeňňibabada, Tärimgaýada, Garagumda we Amyderýanyň orta akymynda duş gelýär. Bürgüt seýrek görnüş bolany üçin, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ol Türkmenistanyň ähli döwlet goraghanalarynda we çäkli goraghanalarynda goralýar.
Rejepgül Huddyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.