Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan alabaý itleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreler guralýar. Türkmen alabaýyny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejesine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň maýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen alabaýlary barada edilýän aladalaryň ýurt derejesinde özüniň oňyn netijesini berýändigini subut edýär.
Ýurdumyzyň gadymy oturymly mekanlarynda alabaýlaryň mesgen tutan ýerleri duş gelýär. Mysal üçin, arheologlar Ahal welaýatynyň çägindäki gadymy Jeýtunda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet alabaýyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Munuň özi 6 müň ýyl mundan ozal hem ata-babalarymyzyň alabaýlary ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Üstünden uzak döwürleriň geçendigine garamazdan, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ynamdarlyk ýaly alabaýlara mahsus häsiýetler saklanyp galypdyr. Tejribeli itşynaslar alabaýlary ösdürip ýetişdirenlerinde güýç ulanmak arkaly temmi çärelerine ýol bermeli däldigine oňat düşünýärler. Bu işde olaryň hormatyna mynasyp boljak derejede çemeleşmeli, şonda ol seniň hakyky wepaly dostuňa öwrülýär. Asyrlaryň dowamynda geçirilen seçgi işleri alabaýlarda bu häsiýetleri terbiýelemäge ýardam etdi. Olar türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjeleriniň jemlenmesi bolup, halk medeniýetiniň aýrylmaz bölegini emele getirýär.
Türkmen alabaýy wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr. Halkymyz öý-ojagynyň, mal-mülküniň goraglylygyny öz hemdemi bolan alabaýyna ynanyp, köňül rahatlygyny onuň bilen paýlaşýar. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň alamatlarynyň ruhy gözbaşynda türkmen alabaýy bardyr. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygy, buýsanjy. Halkymyzyň milliliginde özboluşly orny eýeleýän türkmen alabaýlary sähra durmuşynda, çarwa ýaşaýşynda, çopan goşunda aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen alabaýynyň ýatkeşligi örän güýçli bolup, sürini berk goraýar. Sürä möjek aralaşan wagty itleriň biri süriniň golaýynda galyp, beýlekileri möjegiň gelen tarapyna gidip, ony kowýarlar, sürä golaýlaşdyrmaýarlar. Türkmen alabaýlary diýseň agras, özüne göwni ýetýän, saldamly bolýarlar. Olar hiç haçan esassyz ýerden üýrmeýärler we uwlamaýarlar. Möjege garşy çykanlarynda-da sessiz topulýarlar. Türkmenler asyrlarboýy itlerde şu sypatlary sünnäläp, nesil arassalygyny saklamak işine aýratyn üns beripdirler.
Ybraýym NYÝAZDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.