Sport bilen meşgullanmak adam saglygy üçin peýdalydyr. Yzygiderli hereketde bolýan adamyň bedeni kesellere garşy çydamly bolýar, giç garraýar. Emma sport bilen meşgullanylanda ünsli bolunmasa, bedeniňe şikes ýetmegi mümkin. Lukmanlar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin käbir maslahatlary berýärler. Ine, olaryň käbiri:
Hereket edýän adamyň bedeni has köp suwuklyk ýitirýär. Eger howa yssy bolsa beden has köp suwuklyga zerurlyk duýýar. Şol sebäpli, bedeniň suwuklyk deňagramlylygynyň ýitmezligi üçin has köp suw içmeli bolýar. Bedende suwuklygyň ýetmezçilik etmegi käbir mineral maddalaryň hem ýetmezçilik etmegine sebäp bolýar. Munuň netijesinde damaryň çekmegi bilen bir hatarda käbir ýürek-damar keselleriniň hem döremegine getirip bilýär. Günüň dowamynda howanyň salkyn wagty sport bilen meşgullanmaly. Sport bilen meşgullanylanda bedene agram salman, ýygy-ýygydan dem-dynjyňy almaly.
Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanylanda hem talabalaýyk sport esbaplaryndan peýdalanmaly. Aýakgabyňyz sportuň şol görnüşi üçin niýetlenen we aýagyňyzyň ölçegine laýyk bolmaly. Bu ýagdaý gyş we tomus pasly üçin hem tapawutly bolmaly. Açyk howada ylgaýan bolsaňyz, howanyň ýagdaýyna görä, aýakgap geýilmeli. Tennis raketkasy, golf taýagy, ellik, kürek ýaly esbaplar öz bedeniňize, ýerine ýetirilýän sporta görä bolmaly.