Beýiniň ta­ga­my­ny al­ma­dan ýa-da ar­myt­dan ta­pa­wut­lan­dy­ryp bi­ler­mi­si­ňiz? Bu so­wa­la «El­bet­de» di­ýip jo­gap ber­ýän bol­ma­gy­ňyz müm­kin. Eý­sem, mu­nuň si­ziň üçin aň­sat bol­ma­jak­dy­gy aý­dyl­sa, nä­me di­ýer­di­ňiz? Ge­liň, ony sy­nag ar­ka­ly bar­lap gö­re­liň!

Ge­rek­li miweler: al­ma, beýi, ar­myt.

Al­ma­ny, beýini we ar­my­dy ma­za­ly ýu­wuň! Soň­ra ar­tyň! Mu­nuň üçin ulu­lar­dan kö­mek so­raň! Ola­ry dört­burç­luk gör­nüş­de dog­raň! Her­sin­den bäş bö­le­jik alyp, hem­me­si­ni bir ga­ba sa­lyň! Bur­nu­ňy­zy ba­şam we sü­ýem bar­mak­la­ry­ňy­z bi­len ýa­pyň! Gö­zü­ňi­zi ýu­mup, bir sa­ny bö­le­ji­gi alyp iýiň! Seresap boluň, düwünäýmäň! Ýuw­da­ny­ňyz­dan soň­ra bur­nu­ňy­zy açyp bi­ler­si­ňiz. Nä­me iýen­di­gi­ňi­zi bi­ler­mi­kä­ňiz? Soň­ra bol­sa, ta­ba­ga se­re­dip nä­me iýen­di­gi­ňi­zi gö­rüň! Çak­la­ma­ňyz dog­ry çyk­dy­my?
Duz­ly, süý­ji, ajy we tur­şy ta­gam­la­ry di­li­miz ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýä­r. Em­ma bu ta­gam alyş duý­gu­sy kä­bir iý­mit­le­ri ta­pa­wut­lan­dyr­mak üçin ýe­ter­lik bol­man bi­ler. Se­bä­bi, iý­mi­tiň di­ňe ta­ga­my däl, eý­sem, ysy hem bol­ýar. Şol se­bäp­li kä­bir iý­mit önüm­le­ri­ni ta­ga­my bi­len bir ha­tar­da ola­ryň ysy­ny al­mak ar­ka­ly ta­pa­wut­lan­dyr­ýa­rys. Ag­zy­myz bi­len bur­nu­my­zyň ara­syn­da boş­luk bo­lup, on­dan ho­wa geç­ýär. Iý­mi­ti çeý­nä­ni­miz­de bur­nu­myz­dan dem al­ýan­dy­gy­myz üçin onuň ysy­ny hem al­ýa­rys. Şeý­le­lik­de, iý­ýän iý­mi­ti­mi­ziň ta­ga­my­ny we ysy­ny bir­ wagt­da al­ýa­rys. Bur­nu­my­zy ýa­pyp iý­len­de bol­sa, ys al­ma­ýan­dy­gy­myz üçin iý­ýän za­dy­my­zyň nä­me­di­gi­ni bil­mek kyn bol­ýar. Al­ma­nyň, ar­my­dyň we beýiniň ara­syn­da­ky esa­sy ta­pa­wut ola­ryň ysy bo­lup dur­ýar. Şol se­bäp­li ta­pa­wut­lan­dyr­mak aň­sat bol­ma­ýar.