Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerligiň nukdaýnazaryndan baha berýär we onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda öňe hereket etmäge çalyşýar. Munuň özi umumadamzat bähbitli tagallalarymyzda öz beýanyny tapýar. Olar bolsa biziň özboluşly medeniýetimizden, döreden milli gymmatlyklarymyzdan gelip çykýan ýörelgelere esaslanýar» diýen parasatly sözleri türkmen alymlaryny edebiýatymyzy bezäp gelen eserler hakynda ylmy agtaryşlary alyp barmaga ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň milliligi, halkylygy onuň özboluşly häsiýeti ýazuw çeşmelerinde, medeni-ruhy gymmatlyklarda hem-de halk hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde ömür dowamatyny tapýar.
Bu eser milli Lideriň çuňňur mazmunly taryhy maglumatlarynyň hem-de şanly geçmişimizi dabaralandyrýan hekaýatlarynyň jemidir. Kitapda gadymy çeşmeleriň ýene öz hanasyna dolýandygynyň hakykaty ör-boýuna galýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyzdan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylandygyny görkezýär.
Türkmen halkynyň milliliginiň ajaýyp özboluşlylygy maglumatlar hem-de rowaýatlar esasynda geçmişimize şu günüň nazaryýeti bilen garamaga giň ýol açýar. Bu eserde eziz Watanymyzyň dünýäde dabaralanýan dostlukly döwlet syýasatynyň gözbaşlary hakynda söhbet edilýär. Kitapda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlaryň çuňňur mazmuny, halk paýhasynyň ägirt uly toplumy öz beýanyny tapýar. Kitabyň mazmunyna çuňňur aralaşdygyňça, adamzadyň durmuş tejribesine, kämil garaýşyna, halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyzdan alan tejribesiniň döwrebaplygyna, gadymylygyna göz ýetirýärsiň.
Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan Bitaraplyk ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde möhüm ugurlar bilen bir hatarda, medeni ulgamda hem aýdyň ýüze çykýar.
Millilik sungatyň her bir nusgasyny gaýtalanmajak häsiýete eýe edýän ajaýyp özboluşlylykdyr. Ol köpsanly milli aýratynlyklarda we alamatlarda şöhlelenýär. Türkmen sazy, saz gurallary, ýerine ýetiriliş aýratynlyklary, bagşynyň ýerine ýetirmegindäki mukamlar, läleler, tanslar, nakyllar we atalar sözleri, gündelik durmuşda ulanylýan zatlar, öý goş-golamlary, zergärçilik önümleri özboluşlydyr.
Olara halk öz isleg-hyýallaryny, ajaýyp geljek baradaky arzuwlaryny siňdiripdir. Şonuň üçin olaryň her bir öýjügi ajaýyp durmuş baradaky pikirler bilen doldurylandyr, olar deňhukuklylyk we azatlyk, erkinlik, sazlaşykly ösen, kämil adam baradaky pikirleri belende göterýärler.
Millilik daşky beýan etmäge, ekzotiki özboluşlyklara ýa-da geografiki we etnografiki aýratynlyga, öwüşgine, beýan etmegiň nusgalyk usullaryna degişli bolmak bilen birlikde ol halk ruhunyň şöhlelendirilmeginde, onuň ajaýyp geljek hakyndaky arzuwlarynda aýdyň ýüze çykýar. Ol halkyň ruhy meselesine ymtylyş, arzuw, halkyň idealy hökmünde düşünipdir. Oňa zähmetkeşleriň durmuşyny çuňňur bilmek ýoly bilen akyl ýetiripdir.
Çeper eseriň (şol sanda keşbiň) mazmuny we görnüşi jemgyýetçilik-estetiki nusga baradaky pikirler bilen doludyr we onuň içki özenini düzýärler. Şonuň üçin Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň döredijiliginiň ýokary derejede milliligi diňe bir onda türkmen milli şahyrana diliniň, geografiki we etnografiki özboluşlylygynyň bardygynda jemlenmän, eýsem, halk durmuşynyň çuň şöhlelenmegi, psihologiýasynyň, milli ruhunyň, isleg-maksatlarynyň, kämillige ymtylyşlarynyň aňladylmasydyr.
Milli häsiýetler şahyrana döredijiligiň geljegi bar bolan, halkyň medeni derejesiniň öňe tarap ösüşiniň kanuny hereketi duýulýan eserlerinde hem jemlenýär. Hakyky ussat öňe, geljege seretmegi, wagtyň perdesinden aňryny görmegi başarýan döredijilik adamydyr.
Şahyr öz dünýägaraýşy, halka ymtylyşy taýdan halka näçe ýakyn bolsa, onuň jemgyýetçilik idealy şonça-da halkydyr we millidir, sebäbi suratkeşiň pikirleriniň esasynda onuň öz halkynyň durmuşy bilen gyzyklanmasy, onuň arzuw-maksatlary, geljegi baradaky aladalar ýatýar.
Biziň milletimiziň gözbaşynda Oguz han nesilbaşymyz durandyr. Ol bäş müň ýyl mundan ozal, türkmenleri milli syýasy bitewülige öwürmegiň hötdesinden gelen beýik şahsyýetdir.
Türkmen milleti Oguz han türkmenden başlanýar. Oguz han türkmenden, Gorkut ata türkmenden, Görogly beg türkmenden, Magtymguly atamyzdan bize türkmen ýoluny mukaddes tutmak wesýeti, türkmen milletiniň jebisligi, bitewüligi barada ençeme öwüt-ündewler miras galypdyr. Bu öwüt-ündewlere syn etsek, onda milletimize buýsanç, guwanç duýgusy her bir türkmeniň kalbyna dolýar.
Halkymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, ol öz topragyny mukaddes saýyp, topragyny keramat bilip, Watanyny başyna täç edinipdir. Türkmenistan beýik maksatlaryň, arzuw-islegleriň durmuşa geçýän ýurdudyr. Türkmen milleti bir ojagyň, bir saçagyň başyna jem bolan halkdyr.
Milli Liderimiz özüniň parasatly pikirlerinde türkmen halkynyň, şol sanda ähli türkmenistanlylaryň dostluk-doganlygyň saýasynda beýik özgerişleri amal edýändigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu parasatly pikirlerindäki «halkym» sözi örän çuň mana eýedir. Hakykatdan hem Türkmenistan dürli milletleriň wekilleriniň bir maksada gulluk edýän ýurdudyr.
Türkmen medeniýeti bu günki gün dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň ilçisi hökmünde barha pajarlap ösýär. Şonuň üçin halk medeniýetini, taryhyny, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmäge we jahana ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän milli Liderimize halkymyzyň alkyşy çäksizdir.
Azat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli
golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.