San­ly yk­dy­sa­dy­ýet san­ly mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy­na esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ul­ga­my bo­lup, wag­tyň, ha­ra­jat­la­ryň tyg­şyt­lan­ma­gy bi­len bir ha­tar­da gir­de­ji­le­riň tä­ze çeş­me­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýar. San­ly gur­şaw­da ha­ryt­la­ryň, hyz­mat­la­ryň glo­bal ba­zar­la­ra des­si­ne çyk­mak we dün­ýä­niň äh­li ýer­le­rin­dä­ki sarp edi­ji­le­re el­ýe­ter­li bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de döw­le­tiň or­ny, esa­san, iki mak­sa­da gö­nük­di­ril­ýär. Bi­rin­ji­den, tä­ze ýag­daý­la­ra uý­gun­la­şan ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni, önüm­çi­lik se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­bat­ly­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny, se­na­gat de­re­je­sin­de in­ter­net ul­ga­my­ny or­naş­dyr­ýan kär­ha­na­la­ryň hu­kuk taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat. Ikin­ji­den, önüm­çi­li­gi san­ly­laş­dyr­mak we­zi­pe­si­ne eýe­rip, in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ýan kär­ha­na­lar üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­ly bo­lup dur­ýar.
«Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, tap­gyr­la­ryň hem­me­sin­de-de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ul­gam­la­ry­na or­naş­dy­ryl­ýan mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bin­ýat bo­lup dur­ýar. Mak­sat­na­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, döw­le­ti­miz­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hem­me pu­dak­la­ry­ny ýe­ke-täk san­ly ul­ga­ma bi­rik­dir­mek, döw­let eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň, gu­ra­ma­la­ryň san­ly ul­ga­ma geç­me­gi bi­len bag­ly iş­ler top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bo­lar. Şeý­le hem, döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­niň ýo­kar­lan­ma­gy üçin ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li iş­gär­ler bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. My­sal üçin, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet üçin hu­kuk­çy­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp düz­mek we ama­la aşyr­mak, ýa­şy elliden ge­çen ra­ýat­lar hem-de sag­lyk ýag­da­ýy üçin müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­len­di­ri­len ra­ýat­lar üçin san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň tä­ze ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gaý­ta­dan taý­ýar­lyk mak­sat­na­ma­sy­ny ýo­la goý­mak bo­lup dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti eme­le ge­tir­mek bo­ýun­ça döw­let ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­dan, ýag­ny san­ly ykdy­sa­dy­ýe­te geç­me­giň hu­kuk üp­jün­çi­li­gi, bank pu­da­gy­ny, dur­muş ul­gam­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak, san­ly döw­let teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mek, ki­ber howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ha­ky­ky bö­le­gi­ni san­ly­laş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de adam fak­to­ry­ny ös­dür­mek­ ýaly ugurlardan yba­rat­dyr.
Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­lar bi­len zäh­met, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi we dur­muş üp­jün­çi­li­gi ul­gam­la­ryn­da hem tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­lany­şy­gy­na geç­mek we­zi­pe­si al­nyp ba­ryl­ýar. Şol se­bäp­li hem, döw­le­ti­miz­de zäh­met ba­za­ry­nyň me­se­le­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da pu­dak­la­ryň iş­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak, iş bi­len üp­jün­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­di­ril­ýär.
Bank­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak üçin or­naş­dy­ryl­ýan bu tä­ze prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri bank­la­ryň bir­nä­çe iş­le­ri­ne top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­gi ýo­la goý­mak­ly­ga ýar­dam be­rer.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi bi­len nagt däl ha­sap­la­şyk­lar, elekt­ron pul ge­çi­rim­le­ri, in­te­rak­tiw elekt­ron okuw se­riş­de­le­ri we ki­tap­la­ry döw­re­bap dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lar. Şeý­le hem, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy esa­syn­da döw­le­ti­miz­dä­ki äh­li ka­nun­la­ra do­ly se­re­di­lip, her bi­ri çuň­ňur öw­re­ni­lip, öz­gert­me­ler hem içi­ne gi­ri­zil­ýär. Mu­ny my­sal edip, «Mag­lu­mat we ony go­ra­mak ha­kyn­da», «Elekt­ron res­mi­na­ma, elekt­ron res­mi­na­ma do­lany­şy­gy we san­ly hyz­mat­lar ha­kyn­da», «Türk­me­nis­tan­da in­ter­net to­ru­nyň ösü­şi­ni we in­ter­net hyz­mat­la­ry­ny et­me­gi hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da» we beý­le­ki en­çe­me Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry ka­bul edil­di we dur­muş­da giň­den ula­nyl­ýar.
Ýurt­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy döw­let do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri ber­ýär. Hä­zir­ki za­man in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýa­kyn gel­jek­de döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gik san­ly bin­ýat gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge şert­le­ri dö­re­der, ýag­ny sal­gyt, sta­tis­ti­ka we beý­le­ki ha­sa­bat­la­ryň ýyg­nal­yşy­ny aw­to­mat­laş­dy­rar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň bank ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mä­ge, ra­ýat­la­ra amat­ly, ýo­ka­ry hil­li we has çalt hyz­mat et­mä­ge oňyn şert dö­red­ýän hä­zir­ki za­man bank hyz­mat­la­ry­nyň döw­re­bap usul­la­ry­ny bank ul­ga­my­na or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu iş­le­riň äh­li­si Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­ge­si­niň dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ka­ka­my­rat Ho­ja­gel­di­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­nis­tan» döw­let
tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň «Ke­se­ar­kaç»
şa­ham­ça­sy­nyň hu­kuk­çy­sy.