Emeli hemralar ylmy we önümçilik meseleleri çözmek üçin Ýeriň töweregindäki orbita çykarylýan, kosmosa uçurylýan enjamlardyr. Möhüm wezipeleri çözmegiň ygtybarly guraly bolan Ýeriň emeli hemralarynyň täsin taryhy bar. Geçen asyryň ortalaryndan bäri kosmos giňişligine dürli maksatlar bilen ululy-kiçili enjamlar iberildi. Ýeriň ilkinji emeli hemrasynyň uçurylyşy 1957-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda ozalky Soýuzda amala aşyrylýar. «Sputnik 1» atly emeli hemranyň kömegi bilen ilkinji gezek ýokary atmosferanyň dykyzlygy ölçelipdir we ionosferada radiotolkunlaryň ýaýraýşynyň aýratynlyklary derňelipdir.
Taryhda ikinji gezek 1958-nji ýylyň 1-nji fewralynda Amerikanyň «Explorer 1» atly emeli hemrasy orbita uçurylyp çykarylýar. 1965-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Fransiýanyň «Asterix», 1967-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Awstraliýanyň WRESAT, 1970-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýaponiýanyň «Osumi», 1970-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň «Dong Fang Hong I», 1971-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Beýik Britaniýanyň «Prospero» emeli hemrasynyň uçurylmagy kosmos pudagynyň ýokary ösüşe eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.
Emeli hemralar ylmy-barlag we amaly ähmiýetli emeli hemralara bölünýär. Ylmy-barlag emeli hemralary Ýeri, asman jisimlerini, kosmos giňişligini öwrenmek üçin hyzmat edýär. Amaly ähmiýetli emeli hemralara bolsa, aragatnaşyk hemralary, meteorologik hemralar, Ýeriň baýlyklaryny barlamak üçin niýetlenen hemralar, nawigasion hemralar, tehniki maksatlar üçin uçurylýan hemralar degişlidir. Adamlaryň kosmosa uçmagy üçin hyzmat edýän Ýeriň emeli hemrasyna adam tarapyndan dolandyrylýan gämi-hemralar diýilýär. Şeýle hem ekwatorial orbitada uçurylýan emeli hemra «Ekwatorial hemralar», Ýeriň polýuslarynyň golaýyndan geçýän hemralara «Orbita polýar hemralar» diýilýär. Töwerek şekilli ekwatorial orbita uçurylan hem-de Ýeriň üstünden 35860 kilometr daşlaşan we hereket ediş ugry boýunça Ýeriň öz okunyň töwereginden aýlanyş ugry bilen gabat gelýän Ýeriň emeli hemralary Ýer üstüniň şol bir nokady üçin kosmosda «asylyp durýarlar». Bu hili hemralara «Stasionar hemralar» diýilýär.
Ýeriň emeli hemralarynyň köpüsi Gün batareýalary arkaly energiýa bilen üpjün edilýär. Hemra arkaly alnan maglumatlar Ýere radiotelemetrik ulgamlaryň kömegi bilen berilýär.
Halk hojalygy üçin
örän ähmiýetli
Ýeriň tebigy baýlyklaryny öwrenmek üçin hyzmat edýän emeli hemralar halk hojalygy üçin örän ähmiýetlidir. Bu hemralar meteorologik, okeanografik, gidrologik gözegçilikler bilen bir hatarda, geologiýa, oba hojalygy, balyk hojalygy, tokaý hojalygy, ekologiýa babatda zerur bolan maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Bular has çuňňur ylmy-barlag işlerini geçirmäge, kosmos tehnikasynyň serişdelerini iş ýüzünde barlamaga, Ýeriň tebigy baýlyklaryny öwrenmäge we halk hojalygy üçin ähmiýeti bolan köp meseläni çözmäge gönükdirilýär. Adam tarapyndan dolandyrylýan ilkinji kosmos gämisi bolan «Wostok» 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde Ýeriň daşyndan aýlanýar. Ýuriý Gagariniň dolandyran gämisi 327 kilometr belentlikde Ýeriň töwereginden aýlanyp gelýär.
Milli Liderimiz 2011-nji ýylyň 18-nji noýabrynda «Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýlelikde, 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 520E» aragatnaşyk emeli hemrasy Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda geostasionar orbitada Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi.
Milli hemra ulgamynyň kemala gelmegi ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň ösüşini çaltlandyrmaga, internet hem-de telewideniýäniň işini ýokarlandyrmaga, halk hojalygynyň öňünde goýlan giň möçberli wezipeleri talabalaýyk çözmäge, oba hojalyk meýdanlaryna monitoringi alyp barmaga, nebitgaz toplumy üçin barlaglary geçirmäge, ekologiýa gözegçiligini ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açdy.
Gurbanmuhammet MÖJEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.