Ýer ýüzüniň iň beýik nokady bolan Ewerest gerşi her ýyl 4 mm çemesi beýgelýär. Adalar ýurdy bolan Kanadada kölleriň sany hem köp. Ýurtdaky kölleriň sany dünýäniň beýleki ähli köllerinden hem köpdür.
Ýeriň Günorta polýusyndan tapawutlylykda Demirgazyk polýusda gury ýer ýok. Bu ýerde deňziň ýüzi galyň buz bilen örtülen.
Atlantik ummanyndaky Sargassowo deňziniň hiç hili kenary ýok. Ummanyň ortasyndaky bu ýeriň deňiz hasaplanmagynyň sebäbi onuň aýratyn ekoulgamynyň bolmagydyr. Ummandaky akymlar deňziň dört tarapyndan aýlanyp geçýär. Bu ýerde deňiz kenarlaryna golaý ýerde ösýän suwotulary köp gabat gelýär.
Towşanlar we totular kellesini öwürmezden yzyny görüp bilýärler.
Futbolçylar bir duşuşykda ortaça 11 kilometr ylgaýar.
Ýüpek gurçuklary bir aýdan gowrak wagtda öz agramynyň 80 müň essesi ýaly iýmit iýýärler.
Hytaýyň Şanhaý şäherindäki adybir bina dünýäniň iň beýik ikinji gökdiräni hasaplanýar. 127 gatly bu binanyň 52-nji gatyndaky kitap dükany iň belentde ýerleşýän kitap dükany hasaplanýar.
Kirpiler suwda ýüzüp bilýärler.
Limonyň düzümindäki şekeriň mukdary ýertudananyňkydan has köp.
Pingwinler ýüzüp bilýän, emma uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.
Ýuwaş ummanynyň iň çuň ýeri bolan Mariana çöketliginiň çuňlugy 11 kilometre barabar. Demir topjagazyň ummanyň iň çuň ýerine çümmegi üçin bir sagatdan gowrak wagt gerek bolýar.
Dünýäniň iň uly jandary bolan gök kitler şol bir wagtyň özünde iň çalt ulalýan jandardyr. Täze dünýä inen gök kitiň çagasynyň ululygy 8 metre, agramy 4 tonna golaý bolýar. 7-8 aýlyk kiti ululardan tapawutlandyryp bolmaýar. Kit çagasy her günde 90 kilogram ösýär. Gök kitiň süýdi örän ýagly bolýar.
Beýleki planetalardan tapawutlylykda Wenera we Uran Günüň daşyndan sagadyň diliniň ugruna görä aýlanýar.