Ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz, ha­ly­la­ry­myz, şaý-sep­le­ri­miz, saz gu­ral­la­ry­myz ýa­ly ala­baý it­le­ri hem mil­li baý­lyk­la­ry­myz­dyr. Bu gym­mat­lyk­la­ry ata-ba­ba­la­ry­myz gö­zü­niň gö­re­ji ýa­ly sak­lap, bi­ziň şu gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­rip bi­lip­dir­ler. Köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da öz asyl dur­ku­ny ýi­tir­män gel­ýän ala­baý it­le­ri­miz yn­sa­nyň iň we­pa­ly dos­ty, ýal­ňyz­lyk­da ýol­da­şy, go­rag­çy­sy ha­sap­lan­ýar. Türk­men hal­ky ala­baý­la­ry gü­jü­k­li­gin­den ter­bi­ýe­läp, özü­ne ynam­ly, buý­sanç­ly it­ler edip ýe­tiş­di­rip­dir.
Türk­men ala­baý­la­ryn­da eýe­si­ne çäk­siz we­pa­ly­lyk, mä­hir­li­lik, duý­gur­lyk ýa­ly go­wy hä­si­ýet­ler jem­le­nen­dir. Ça­ga­la­ry go­rag­lap ýör­ýän­li­gi ala­baý­la­ryň ýe­ne bir oňat hä­si­ýe­ti­dir. Öz ho­ja­ýy­ny­nyň se­si­ni eşi­den­den, onuň nä­me is­le­ýän­di­gi­ne dü­şün­me­gi türk­men ala­baý­la­ry­nyň aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Hal­ky­myz ada­myň we­pa­ly ýol­da­şy hök­mün­de ala­ba­ýa halk dö­re­di­ji­li­gin­de hem uly orun be­rip­dir.
Ata-ba­ba­la­ry­myz awa çy­kan­la­ryn­da, uzak ýaý­la­la­ra mal bak­ma­ga gi­den­le­rin­de öý­le­ri­niň ýa-da goş­la­ry­nyň, dü­şel­ge­le­ri­niň ga­py­sy­na gulp ur­man­dyr. Ola­ryň yzyn­da we­pa­dar go­rag­çy­la­ry – ala­baý­la­ry ga­lyp­dyr. Ala­baý­la­ra maş­ga­la howp­suz­ly­gy hem do­ly yna­ny­lyp­dyr. Ço­pan goş­la­ryn­da bol­sa sü­rü­le­ri mö­jek­dir til­ki, şa­gal ýa­ly ýyr­ty­jy jan­dar­lar­dan go­rap­dyr. Şeý­le­lik­de, ga­dym wagt­lar­dan bä­ri ala­baý kö­pek­le­ri sak­çy, ga­ra­wul hök­mün­de-de peý­da­la­ny­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da-da türk­men ala­baý­la­ry har­by gul­luk­çy­la­ryň we­pa­ly hem­ra­sy bo­lup dur­ýar. Wa­ta­ny go­ra­mak­da ala­baý it­le­ri­niň abyr­syz go­şan­dy bar. Bu ba­ra­da Gahryman Arkadagymyz «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär» at­ly ki­ta­byn­da hem nyg­tap geç­ýär.
Şu ýyl ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek Türk­men ala­baý it­le­ri­niň baý­ra­my ge­çi­ri­ler. Şol baý­ram­çy­ly­gyň çäk­le­rin­de ala­baý it­le­ri­niň gö­zel­lik bäs­le­şi­gi gu­ral­ýar. Bu gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edi­len ala­ba­ýa «Ýy­lyň türk­men eder­men ala­ba­ýy» di­ýen me­dal gow­şu­ryl­ýar.
Bil­şi­miz ýa­ly, 2020-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len Aş­ga­bat­da «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Soň­ra ol Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­na öw­rül­di. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de türk­men ala­baý­la­ry­nyň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Bu ägirt uly gy­zyk­lan­ma­ny na­za­ra al­mak bi­len, Hal­ka­ra türk­men ala­baý it­le­ri as­so­sia­si­ýa­sy it­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça hü­när­men­le­ri bir­leş­dir­mä­ge, alym­la­ry hem-de muş­dak­la­ry meş­hur ala­ba­ýyň ta­ry­hy wa­ta­nyn­da jem­le­mä­ge ýar­dam eder.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2019-njy ýyl­da ne­şir­den çy­kan «Türk­men ala­ba­ýy» ki­ta­by äh­mi­ýet­li yl­my-bar­lag ma­te­ri­al­la­ry­nyň top­lu­my­na esas­la­nan bo­lup, türk­men hal­ky­nyň mil­li baý­ly­gy­nyň – türk­men ala­baý­la­ry­nyň düýp­li öw­re­nil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.
Ýurdumyzyň Al­tyn­de­pe, Go­ňur­de­pe, Nu­saý ýa­ly meş­hur ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­rin­de we beý­le­ki ýer­ler­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň bar­şyn­da ala­baý­la­ryň ýü­ze çy­ka­ry­lan köp san­ly ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lary it­le­riň iň ga­dy­my to­hum­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Bu gün­ki gün­de ÝUNESKO-nyň hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, hal­ky­my­zyň me­de­ni hem-de ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bo­lan ahal­te­ke at­la­ry­ny se­ýis­le­mek sun­ga­ty­nyň we türk­men ala­baý it­le­ri­ni kö­pelt­me­giň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ola­ry Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin hö­dür­na­ma­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy.
Gel­jek­de ýur­du­myz­da mas­la­hat­la­ry, ser­gi­le­ri, türk­men ala­baý­la­ry­nyň gö­zel­lik bäs­le­şik­le­ri­ni we baş­ga-da bir­nä­çe hal­ka­ra çä­re­le­ri hem-de yl­my iş­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu bol­sa mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu tä­sin to­hu­myň ba­ş sa­ny­ny mun­dan beý­läk-de kö­pelt­mek, ýaý­rat­mak we wa­gyz et­mek, aras­sa­ly­gy­ny sak­la­mak, tej­ri­be alyş­mak hem-de it­şy­nas­lyk ba­bat­da ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak ba­ba­tyn­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge iter­gi be­rer.

Re­sul AN­NA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.