Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy halkymyzyň dünýä medeniýetine özboluşly goşandydyr. Onuň 300 ýyla golaý mundan ozal döreden eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki olarda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklar, mähriban topragyňa, öz halkyňa deňsiz-taýsyz wepalylyk, halkyň döredijilik güýjüne ynam hem-de belent borç öz beýanyny tapýar. Täze taryhy eýýamyň belent ruhy ýokary göterilişi döwründe Magtymgulynyň milli ylmyň, medeniýetiň we sungatyň ynsanperwerlik maksatlaryna ýugrulan goşgulary täze mana eýe bolup, täze güýç bilen ýaňlanýar.
Magtymgulynyň şygryýeti babatda aýdanymyzda, ol giden bir umman bolup, ony dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek ugrunda giňden tagalla edilýär. Şonuň üçin akyldar şahyrymyzyň ýubileý ýylyna çenli «Magtymguly Pyragynyň ensiklopediýasynyň» döredilmeginiň hem-de sanly we neşir görnüşindäki «Magtymguly Pyragy diwanynyň» taýýarlanmagynyň çuňňur manysy bardyr.
Beýik akyldarymyzy hormatlap, her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Medeniýet, sungat akyldar şahyryň öçmez-ýitmez eserleri asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy mirasyna öwrülip geldi. Şonuň üçin bu baýramçylyk türkmen milli mirasynyň hem-de medeniýetiniň rowaçlanmagy hökmünde kabul edilýär.
Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy halkymyzyň asuda, parahat hem-de agzybir durmuşda ýaşamagy ugrunda göreşen türkmen şahyrlarynyň biridir. Ol bu barada ençeme goşgulary ýazyp, gymmatly gollanma hökmünde galdyryp gidipdir. Magtymguly Pyragynyň arzuwlary we pikirleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler bilen sazlaşýar.
Beýik akyldaryň döredijilik ýoly, pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary, ili agzybirlige, watansöýüjilige çagyrýan öwüt-ündew şygyrlary biziň şu günlerimize gelip ýetmek bilen, häzire çenli birnäçe edebiýatçylar tarapyndan öwrenilýär. Şahyryň her bir setiri çuň mana ýugrulan şygyrlaryny okanyňda, onuň ilki bilen bir il bolmak, agzybir bolmak ugrunda tagalla edendigini görmek bolýar.
Magtymguly Pyragy il-gününi, Watanyny diňe bir söýmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyňy gurban etmek ýaly watançylyk pikirleri hem öňe sürüpdir. Şonuň üçin ol her ýigidiň edermenligini, mertligini Watanyň, il-halkyň bähbidi bilen içgin baglanyşdyrýar. Şu jähetden, ol halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa pugta ýazgarýar.
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nusgawy şahyrlarymyz tirsegine galdyryldy. Munuň şeýledigini edebiýat meýdanynyň saýrak bilbili Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, dürli döredijilik duşuşyklary hem aýdyň subut edýär. Milli mirasymyzy hem-de baý şygryýet dünýämizi giňden wagyz etmäge mümkinçilikler döredýän milli Liderimize hoşallyk bildirýäris.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.