Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Munda iki doganlyk hem-de goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkeýändigini hem-de pugtalanýandygyny görmek bolýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň 29-njy aprelde, mukaddes Oraza aýynda Gypjakdaky Türkmenistanyň Baş metjidinde beren agzaçar sadakasyna Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem şaýatlyk etdi.
Iki ýurduň arasyndaky syýasy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem görnetin ösdürilýär. Bu babatda türkmen-özbek döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşmagy, dürli çäreleriň, özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi aýdyň mysal bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, däp bolan bilim we ylym gatnaşyklary ösdürilýär, beýik türkmen we özbek alymlarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew soňky gezek amala aşyran iş saparynyň barşynda, agzaçar-sadakasynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Prezidentiniň akylly-başly we netijeli syýasaty Türkmenistanyň ähli ugurlardaky uly üstünliklerine pugta esas bolup hyzmat edýär. Biz Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky strategik aragatnaşyklaryny, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hut özüniň goşant goşýandygyny çuňňur hormatlaýarys» diýip belläp geçdi.
Bu aýdylanlar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýär. Şeýle hem taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklara esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň berkemegine hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde çap edilmegi hem uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Bu ajaýyp eserde beýan edilýän rowaýatlardyr tymsallar halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly orun eýeleýär. Ýakynda bolsa bu kitabyň özbek diline terjime edilen kitabynyň Maslahat köşgünde tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Özbek diline terjime edilip, çapdan çykan bu eser dostlukly ýurduň halky üçin türkmeniň baý taryhy, medeni mirasy, asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary öz ene dilinde – özbek dilinde okamaga döredilen mümkinçilikdir. Mähriban Arkadagymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara okyjylar köpçüliginde örän uly gyzyklanma döredýär. Bu gün türkmen we özbek halklary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de özara doganlyk goldawyny bermek däpleriniň umumylygyna, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny görkezýärler.
Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka boldy. Dostluk-doganlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklary türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. «Kyýamat güni goňşudan», «Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy» ýaly pähimleri döreden parasatly türkmen halky durmuşda goňşular bilen agzybirligiň uly rowaçlyklara ýetirýändigine ýokary baha berip, goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa bilen garapdyr. Häzirki döwürde iki halkyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ugurlarda has netijeli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek diline terjime edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýan, bagtyýar durmuşda, agzybirlikde ýaşamak üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ejebaý KULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.