Mil­li Li­de­ri­mi­ziň giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­ni­len meş­hur ede­bi-fi­lo­so­fik «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ese­ri uly ru­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir, se­bä­bi on­da umu­my­dün­ýä ösü­şi­ne go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň örän baý ru­hy-ah­lak mi­ra­sy wa­gyz edil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ede­bi ese­ri halk pa­ra­sat­ly­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly jem­len­me­si bol­mak bi­len, hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň däp-des­sur­la­ry­nyň hem-de ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wa­mat­ly­ly­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz ga­dy­my­ýet­den göz­baş al­ýan hal­ky­my­zyň asyl­ly ru­hy çeş­me­le­ri­ne çuň­ňur sar­pa goý­mak bi­len, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýe­ten ede­bi we yl­my mag­lu­mat­la­ry düýp­li öw­re­nip, ola­ry öz işin­de ul­gam­laş­dyr­dy hem-de umu­my­laş­dyr­dy, mu­nuň özi dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de ägirt uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Türk­men­le­riň mil­li däp-des­sur­la­ryn­da öz aý­dyň be­ýa­ny­ny ta­pan ýo­ka­ry yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri beý­le­ki halk­lar­da hem uly ses­len­me dö­red­ýär.

Mu­ňa, il­kin­ji no­bat­da, 2020-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ne­şir edi­len «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» ki­ta­by­nyň eý­ýäm dün­ýä­niň köp dil­le­ri­ne, şol san­da hy­taý, ýa­pon, rus, gru­zin, uk­ra­in we azer­baý­jan dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­len­di­gi hem şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ma­ny-maz­mu­ny hem-de be­ýan edi­liş usu­ly bo­ýun­ça örän gym­mat­ly ese­ri tä­sin halk dö­re­di­ji­li­gi­ni top­la­mak, iç­gin öw­ren­mek hem-de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li, tu­tan­ýer­li yl­my-ede­bi iş­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň folk­lo­ryň, şol san­da na­kyl­la­ryň, ata­lar söz­le­ri­niň pa­ra­sat­ly pä­him­le­ri­ni dö­re­di­ji­lik­li, us­sat­lar­ça peý­da­lan­ma­gy bu ede­bi ese­riň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar, ol hä­zir­ki wagt­da ýüz­ýyl­lyk­lar mun­dan ozal hem dün­ýä­niň beý­le­ki halk­la­ry bi­len dost­luk we öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la go­ýan türk­men hal­ky­nyň ru­hy dün­ýä­si­ne göz ýe­tir­me­giň yg­ty­bar­ly çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär.