Portugaliýaly ýyldyz futbolçy Kristiano Ronaldo 16-njy Ýewropa çempionatynyň iň netijeli oýunçysy boldy. 5 gol geçirip, 1 goluň hem pasyny beren super ýyldyz bu ugurda 5 gol geçiren çehiýaly Patrik Şikden öňe saýlandy. Ronaldo gollarynyň 5-sini hem toparçalardaky oýunlarda geçirdi. Ol Portugaliýanyň Wengriýa hem-de Fransiýa bilen bolan oýunlarynda 2 gezekden, şol sanda, Germaniýanyň derwezesinden 1 gol geçiripdi. Ronaldo gollarynyň 3-sini penalti urgularyndan derwezä girizdi. Ýewropa çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 14-e ýetirip, bu ugurda rekordyň eýesi bolan Ronaldo milli ýygyndylarda iň köp gol geçiren iki futbolçynyň biridir.

 

EURO 2020-niň iň netijeli futbolçylary:

  1. 1. Kristiano Ronaldo (Portugaliýa) – 5 gol, 1 asist (360 minut)
  2. 2. Patrik Şik (Çehiýa) – 5 gol (404 minut)
  3. 3. Karim Benzema (Fransiýa) – 4 gol (349 minut)

 

Mundan öňki çempionatlaryň iň netijeli futbolçylary:

2016: Antun Grizmann (Fransiýa) – 6

2012: Fernando Torres (Ispaniýa) – 3

2008: Dawid Willa (Ispaniýa) – 4

2004: Milan Baroş (Çehiýa) – 5

2000: Patrik Kluiwert (Niderlandlar), Sawo Miloşewiç (Ýugoslawiýa) – 5

1996: Alan Şirer (Angliýa) – 5

1992: Dennis Bergkamp (Niderlandlar), Tomas Brolin (Şwesiýa), Henrik Larsen (Daniýa), Karl-Haýnz Ridle (Germaniýa) – 3

1988: Marko wan Basten (Niderlandlar) – 5

1984: Mişel Platini (Fransiýa) – 9

1980: Klaus Allofs (Günbatar Germaniýa) – 3

1976: Diter Müller (Günbatar Germaniýa) – 4

1972: Gerd Müller (Günbatar Germaniýa) – 4

1968: Dragan Džaýiç (Ýugoslawiýa) – 2

1964: Ferens Bene, Deso Nowak (ikisem – Wengriýa), Hesus Mariýa Pereda (Ispaniýa) – 2

1960: Milan Galiç (Ýugoslawiýa), Fransua Hoýt (Fransiýa), Walentin Iwanow (SSSR), Dražan Ýerkowiç (Ýugoslawiýa), Wiktor Ponedelnik (SSSR) – 2