Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň (ECB) baş­ly­gy Kris­tin La­gard ýew­ro se­bi­tin­dä­ki yk­dy­sa­dy di­ke­li­şiň güýç­len­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol se­bit­dä­ki önüm­çi­li­giň soň­lu­gy bi­len ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­syn­dan öň ha­sa­ba al­nan de­re­je­den ýo­ka­ry bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
– Ýew­ro zo­la­gyn­da­ky işe­wür­lik çäk­len­dir­me­ler­den soň do­ly açy­lyp, bu ýag­daý sarp edi­ji­le­re has köp pul sarp et­mä­ge we kom­pa­ni­ýa­la­ra önüm ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet açyl­dy di­ýen ýa­ly, em­ma pan­de­mi­ýa do­ly açyl­ma­gy­ny ha­ýal­la­dyp bi­ler. Hä­zir­ki ýag­daý­lar ýew­ro zo­la­gyn­da tä­ze çäk­len­dir­me­le­riň gi­ri­zil­me­gi­ni ta­lap et­me­ýär, ýö­ne se­bit­dä­ki iş­jeň­li­giň do­ly di­kel­dil­me­gi­ni ha­ýal­laş­dy­ryp bi­ler – di­ýip, Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň baş­ly­gy bel­le­di.
Je­mi içer­ki önüm öser
Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň baş­ly­gy Kris­tin La­gard şu ýyl ýew­ro zo­la­gy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi ba­ra­da­ky çak­la­ma­sy­ny 5 gö­te­ri­me çy­kar­dy.
– Tä­ze çak­la­ma esa­syn­da, je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­niň 2021-nji ýyl­da 5%, 2022-nji ýyl­da 4,6% we 2023-nji ýyl­da 2,1% bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar – di­ýip, Kris­ti­n La­gard ban­kyň do­lan­dy­ryş ge­ňe­şin­den soň ge­çi­ri­len met­bu­gat ýyg­na­gyn­da bel­le­di.
Öň­ki iýun çak­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2021-nji ýyl­da 4,6%, 2022-nji ýyl­da 4,7% we 2023-nji ýyl­da 2,1% de­re­je­sin­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ne ga­ra­şyl­ýar­dy. Mun­dan baş­ga-da, Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky şu ýyl ýew­ro se­bi­tin­dä­ki infl­ýa­si­ýa ba­ra­da­ky çak­la­ma­sy­ny 2,2 gö­te­ri­me çy­kar­dy. Öň­ki iýun çak­la­ma­syn­da bank şu ýyl infl­ýa­si­ýa­nyň 1,9%, 2022-nji ýyl­da 1,5% we 2023-nji ýyl­da 1,4% bol­ma­gy­na ga­raş­ýar­dy.