Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.
(7-nji bölüm)
Dowamy.
Ondan soň bir daýhan:
– Bize zähmet barada gürrüň bersene! – diýdi.
Ol şeýle jogap berdi:
– Siz Zemin hem-de onuň ruhy bilen hemra bolmak üçin zähmet çekýärsiňiz.
Işsiz bolmak, pasyllardan daşlaşyp, şöhrat we kanagat bilen tükeniksizlige tarap barýan durmuş ýörişinden çykmakdyr.
Siz işlän çagyňyzda sagadyň pyşyrdysyny aýdym-saza öwürýän tüýdük mysalysyňyz.
Beýlekileriň ählisi bilelikde aýdym aýdýarka, siziň haýsy biriňiz sessiz-üýnsüz ösüp oturan gamyş ýaly bolmak isleýärsiňiz?
Size mydama-da işiň külpetdigini ýatladýanlar tapylýardy.
Ýöne men size aýdýaryn: siz işleýärkäňiz, Zeminiň iň ilkinji arzuwlarynyň dünýä inen çaglarynda size häzirlenen şol arzuwlaryň bir bölegini amala aşyrýarsyňyz.
Siz işiňize özüňizi bermek bilen, hakykatdan hem durmuşy söýýändigiňizi subut edýärsiňiz.
Zähmet arkaly durmuşy söýmek, ýaşaýşyň iň pynhan syrlaryna aralaşmakdyr.
Ýöne siz kynçylyga duçar bolanyňyzda dünýä inmegi hasrat, özüňize kömegi maňlaýyňyza ýazylan görgi saýýan bolsaňyz, onda men size aýdaýyn; alyn deriňizden başga hiç zat ýazylany ýuwup bilmez.
Size durmuşyň tümlükdigini aýdýanlar hem tapylypdy, siz bolsa, ýadaw mahalyňyz argynlaryň aýdan zatlaryny tekrarlapdyňyz.
Durmuş bu höwes döreýänçä hakykatdan hem tümlükdir diýip, men aýdýaryn.
Ýöne bilim ýok ýerinde islendik ymtylyş kördür.
Ýöne islendik bilim hem zähmet bolmazdan bihudadyr.
Islendik iş söýginiň ýok ýerinde bimanydyr.
Söýgi bilen işleýän wagtyňyz, özüňi özüňe, birek-birege we Biribara baglaýandygyňy unutmaň!
Eýsem, söýgi bilen zähmet çekmek diýmek näme?
Bu seniň kalbyňdan uzaýan sapak bilen söýgüliň geýjek ýaly köýnek tikmekdir.
Söýgüliňiz edil şol jaýda ýaşajak ýaly, mähir bilen jaý gurmakdyr.
Bu göýä miwesinden seniň dilberiň iýjek ýaly mähir bilen tohum sepip, şatlyk bilen hem hasyl toplamakdyr.
Bu berjaý edýän işleriňiziň hemmesini öz ruhuň nepesi bilen doldurmakdyr.
Bu öten-geçenleriň ählisiniň mübärek ruhlarynyň alnyňda durup, özüňe seredýändigini duýmakdyr.
Ukyň arasynda samraýan deý, seniň sözleriňe telim sapar diň saldym: mermer bilen işläp, öz ruhunyň suduryny daşyň ýüzünden tapýan kişi ýer sürýänden paýhaslydyr.
Adamyň keşbini kendir matanyň ýüzüne geçirmek üçin älemgoşary tutýan suratkeş, aýaklarymyz üçin sandal tikýänlerden has belentdir.
Ýöne men ukuda däl-de, günortan çagynyň oýalygynda aýdýaryn: şemal äpet dub agajy bilen gürleşişi dek, ot ýaprajyklary bilen hem mähirli gepleşýär.
Hakykatdan hem, şemalyň şuwwuldysyna öz söýgüsini goşup, ondan has ýakymly aýdym döredip bilýän ynsan beýikdir.
Zähmet – bu görünýän söýgüdir. Eger-de sen işiňe söýgi bilen däl-de göwünli-göwünsiz ýapyşýan bolsaň, onda işiňi taşlap, şatlyk bilen işleýänlerden ýardam soranyň ibalydyr.
Sebäbi çöregi biperwaýlyk bilen bişirseňiz, ony iýjekleriň diňe açlygyny köşeşdirip biljek güllän çörek bişirersiňiz.
Eger-de sen üzümi göwünli-göwünsiz sykýan bolsaň, onda seniň ikigöwünliligiň miwe şiresini zährimar eýlär.
Eger-de sen perişdeler ýaly aýdym aýdýan hem bolsaň, ýöne aýdym aýtmaga göwünsiz bolsaň, onda adamlaryň gulaklaryny gijeleriň we gündizleriň seslerini eşitmekden saklarsyň.
(dowamy bar)
Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.