Gyş pas­lyn­da C wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lan li­mo­na is­leg ýo­kar­lan­ýar. Bu mi­we so­wuk­la­ma­dan we dü­mew­den go­ra­ýar, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Li­mo­nyň ga­by­gy hem peý­da­ly­dyr. Ol sa­ça we de­rä ideg edi­len­de hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Li­mo­nyň şi­re­si iý­mit siň­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Sit­rus mi­we­si ha­sap­lan­ýan li­mo­nyň il­ki An­tal­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Agaç­da ös­ýän ak gül­li köp­ýyl­lyk ösüm­lik bo­lan li­mo­nyň ýap­ra­gyn­da­ky we mi­we­sin­dä­ki efir ýa­gy oňa ys ber­ýär. Esa­sa­n hem, Egeý we Or­ta­ýer deň­zi se­bit­le­rin­de giň­den ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän li­mon C, B6 wi­ta­min­le­ri­niň we ka­li­niň çeş­me­si­dir. Dü­zü­mi suw­dan we şe­ker­den yba­rat ug­le­wod­lar­dan dur­ýar. Li­mon­da sü­ýü­miň, tak­my­nan, 50-60 gö­te­ri­mi pek­tin­den yba­rat. On­da ýag we be­lok ga­ty az. Mun­dan baş­ga-da, onuň dü­zü­min­de li­mon kis­lo­ta­sy, hes­pe­ri­din (P wi­ta­mi­ni), di­os­min, erio­sit­rin we D-li­mo­nen ýa­ly an­ti­ok­si­dant­lar bo­lup, ola­ryň her­si de­giş­li­lik­de luk­man­çy­lyk­da giň­den ula­nyl­ýar.
Li­mon öý şert­le­rin­de aras­sa­la­ýyş iş­le­ri, ideg iş­le­ri we be­jer­gi ýa­ly dür­li mak­sat­lar­ üçin hem ula­nyl­ýar. Dü­wür­ti­gi, bo­kur­da­gy we üs­gü­le­wi­gi be­jer­mek­de hem tä­sir­li­ bo­lan li­mon su­wu­na bir çem­çe ba­l ga­ryp iç­seň bo­kur­dak agy­ry­sy­ny azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Li­mon ýa­gy li­mo­nyň ga­by­gyn­dan alyn­ýan efir ýa­gy­dyr. Ga­by­gyn­da dür­li ys­ly ýag­lar we üýt­gäp dur­ýan hi­mi­ki bir­leş­me­ler bar. Li­mon ýa­gy, köp­lenç, aro­ma­te­ra­pi­ýa önüm­le­rin­de (beý­le­ki sit­rus ýag­la­ry bi­len bi­le­lik­de) peý­da­la­nyl­ýar. Li­mon ýa­gy dyr­na­gyň ýyl­ma­nak ­we berk­ bol­ma­gy­na kö­mek edip, ösü­şi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Na­ha­ra bir li­mo­ny syk­saň iý­mit siň­di­ri­şe kö­mek ed­ýär. Di­lim­le­nip ke­si­len li­mon bi­len bal­ly çaý içi­len­de süň­ňüň ýeň­le­ýär, so­wuk­la­ma­dan nam-ny­şan gal­ma­ýar. Li­mon şi­re­si ýag­la­ry eret­mek uky­by we ýa­kym­ly ysy se­bäp­li tä­sir­li aras­sa­laý­jy se­riş­de ha­sap­lan­ýar. Is­len­dik me­bel­dir ga­py­la­ry ýu­wan­da ýa-da ak reňk­li teh­ni­ki es­bap­la­ry agart­mak­da, aras­sa­la­mak­da li­mon şi­re­si go­wy ne­ti­je ber­ýär. Li­mo­ny da­da­ny­ňyz­da al­ýan tur­şy ta­ga­my­ňyz li­mon kis­lo­ta­sy­dyr. Li­mon kis­lo­ta­sy­nyň äh­li gör­nüş­le­ri teg­mil­le­riň we ha­pa­lan­ma­gyň öňü­ni al­ýar.
Mik­ro­tol­kun peji aras­sa­la­mak
Bir-iki li­mo­ny in­çe gör­nüş­de dog­rap, ýa­ry­sy­na çen­li suw guý­lan aý­na ga­ba sa­lyň! Bu ga­by mik­ro­tol­kun­ly peç­de 5 mi­nut go­ýup iş­le­diň! Bel­le­nen wagt­dan soň­ra ga­by çy­ka­ryp gyz­gyn wag­ty gu­ry ma­ta bi­len sü­pü­riň! Bu usul äh­li teg­mil­le­ri, ýag­la­ry we ha­pa ga­lyn­dy­la­ry aras­sa­la­ýar.

Bul­gur­la­ry suw teg­mil­le­rin­den aras­sa­la­mak
Su­wuň dü­zü­min­de bir­nä­çe hi­mi­ki ele­ment­le­riň bar­dy­gy se­bäp­li, bul­gur ýuw­lan­da teg­mil gal­ýar. Ony aras­sa­la­mak üçin teg­mil­le­re ýar­ty li­mo­ny sürt­me­li ýa-da gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­dä­ňi­ze li­mon kis­lo­ta­sy­ny goş­ma­ly. Şeý­le edi­len­de teg­mil­ler­den nam-ny­şan gal­maz.
So­wa­dy­jy­dan er­bet ys­la­ry aýyr­mak
Bir sür­te­ji li­mon su­wy bi­len ma­za­ly öl­läp, bir gi­je so­wa­dy­jy­­da go­ýuň! Er­te­si so­wa­dy­jy­ňyz­da ýa­kym­ly ys peý­da bo­lar.
Aý­na üçin aras­sa­laý­jy spreý
Bir na­har çem­çe­si ak sir­kä­ni iki na­har çem­çe­si li­mon su­wy bi­len gar­ma­ly. Bu er­gi­niň içi­ne bir bul­gur gyz­gyn suw gu­ýup, ma­za­ly gar­ma­ly. Spreý ga­by­na guý­lan bu er­gin aý­na­la­ry­ňy­zy aras­sa­la­mak­da has go­wy ne­ti­je­ be­rer.
Gap-gaç ýu­wu­jy en­ja­my aras­sa­la­mak
Gap-gaç ýu­wu­jy en­jam­lar üçin ni­ýet­le­ni­len ýö­ri­te ýu­wu­jy kap­su­la­nyň içi­ne 2-3 li­mo­ny sy­kyň! Gap-gaç ýu­wu­jy en­ja­my­ňy­zy dur­la­mak ter­ti­bin­de iş­le­diň! Oňyn ne­ti­je gör­kez­ýän bu usu­ly hep­de­de bir ge­zek ýe­ri­ne ýetr­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Ke­siş tag­ta­syn­da­ky teg­mil­le­ri aras­sa­la­mak
Ke­siş tag­ta­sy­na bir­ne­me duz se­piň we du­zy ýa­rym li­mon bi­len ba­syp sür­tüň! Go­wy sür­tü­len­den soň, teg­mil­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy üçin 5 mi­nut ga­ra­şyň we tag­ta­ny ýy­ly suw bi­len ýu­wuň!