Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­lyp ýaş­la­ryň bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­megi ug­run­da ata­lyk ala­da­sy­ny ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň tä­ze okuw bi­na­la­ry gur­lup, ta­lyp­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Olar­da mul­ti­me­di­ýa en­jam­la­ry, in­te­rak­tiw tag­ta­lar we okat­ma­gyň beý­le­ki öň­de­ba­ry­jy se­riş­de­le­ri ula­ny­lyp, na­za­ry­ýet­de be­ril­ýän bi­lim­le­riň hi­li­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy ga­za­nyl­ýar.
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da hem gel­jek­ki dil we ede­bi­ýat mu­gal­lym­la­ry­ny, ter­ji­me­çi­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­ler­de hem na­za­ry­ýet bi­len tej­ri­be­li­giň ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň pug­ta bol­ma­gy üçin ders­ler oka­dy­lan­da dür­li öň­de­ba­ry­jy usul­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar, ta­lyp­lar­da yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň en­dik­le­ri ös­dü­ril­ýär, ola­ryň yl­my mas­la­hat­lar­da öz­le­ri­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan ugur­lar bo­ýun­ça çy­kyş et­mek­le­ri hö­wes­len­di­ril­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dil ug­run­dan bi­lim ber­len­de, rus di­lin­de reňk aň­lad­ýan lek­si­ka-se­man­ti­ka to­pa­ry­nyň öw­re­dil­me­gi bu söz to­pa­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na dü­şün­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne paý­tag­ty­my­zyň or­ta mek­dep­le­rin­de we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ryn­da tej­ri­be­lik ge­çen döw­rü­miz­de hem göz ýe­tir­dik.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň or­ta mek­dep­le­rin­de tej­ri­be­lik ge­çe­ni­miz­de, na­za­ry­ýet­de alan bi­lim­le­ri­mi­zi ber­kit­mä­ge amat­ly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di. Mek­dep okuw­çy­la­ry bi­len rus di­lin­den we ede­bi­ýa­tyn­dan sa­pak­la­ry ge­çe­ni­miz­de, sy­pat diý­len söz to­pa­ry­ny öw­re­dip, ola­ryň ara­syn­da reňk aň­lad­ýan söz­le­riň hem öz­leş­di­ril­me­gi­ne, ma­ny­la­ry­na çuň dü­şü­nil­me­gi­ne we okuw­çy­la­ryň söz­leý­şin­de ula­nyl­ma­gy­na hem-de türk­men di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi­ne üns ber­dik. Bu sa­pak okuw­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Okuw­çy­la­ra synp­dan da­şa­ry şu­lar ýa­ly ýu­muş tab­şyr­ma­gyň we ola­ryň ne­ti­je­le­ri­ni bar­la­ma­gyň olar­da ul­la­kan gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän­di­gi­ni gör­mek bi­ziň hem tej­ri­bä­mi­ziň art­ma­gy­na ge­tir­di. Ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­la­ry be­ýan et­mek­de ola­ryň öl­çeg­le­ri, sak­la­nyp ga­lyş de­re­je­si, ni­ýet­le­nen mak­sa­dy bi­len bir­lik­de ta­pyn­dy­la­ryň reň­ki­ni aň­lat­mak hem özü­ne çe­ki­ji bol­dy.
Bi­ziň kä­mil bi­lim al­ma­gy­myz üçin äh­li amat­ly şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan äh­li tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Sül­gün Sa­ry­ha­no­wa,
D.Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň rus di­li we ede­bi­ýa­ty fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by.