Gahryman Arkadagymyz senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmegi, ägirt uly möçberlerde maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmegi esasy wezipe edip goýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýangyç we energetika serişdelerini tygşytly hem-de netijeli ulanmaga uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça hem zerur çäreler geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda geljegiň energiýa gurluşyna ykjam taýýarlyk görmek babatda hem giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň energetika diplomatiýasy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Biziň başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça Kararnamalary kabul etdi.
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän energetika diplomatiýasy abraýly halkara guramalaryň derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Bu babatda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde öňe süren BMG-niň pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» düzmek baradaky teklipleri energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip düzüldi.
Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar.
Ýurdumyz energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bu babatda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA), Halkara Energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik we beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etdi. Bu abraýly düzüme başlyklyk etmegi diňe bir uglewodorod serişdelerini öndüriji we daşary ýurtlara iberiji hökmünde däl, eýsem, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky baglanyşdyryjy köpri hökmünde hem biziň ýurdumyzyň hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň energetika strategiýasynda energiýanyň däp bolan çeşmelerine durnukly elýeterliligi üpjün etmäge, energiýa serişdelerini tygşytlamak maksatnamalaryny ösdürmäge we energiýanyň alternatiw çeşmelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen ädimleri kesgitläp biljek dünýä energetika arhitekturasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa almagyň adaty işe öwrülip, ýola goýlanyndan bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, ol eýýämden sarp edijileriň aglabasy üçin energiýa üpjünçiliginiň ileri tutýan çeşmesine öwrülip, ýokary depginler bilen meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda alternatiw energetika ulgamynyň ösdürilmegine, onuň çeşmelerinden netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegiň ýangyjy hökmünde wodorod şol çeşmeleriň biri bolup durýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda wodorody öndürmegiň we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek möhümdir.
Wodorod energiýasy – energiýany ýygnamak, daşamak, öndürmek we sarp etmek üçin wodorody ulanmaga esaslanýan energiýanyň bir şahasydyr. Wodorod Ýeriň ýüzünde we kosmosda iň köp ýaýran element hökmünde saýlanýar. Wodorod energiýasy alternatiw energiýany aňladýar.
Häzirki wagtda wodorod önümçiliginde üç esasy çeşmeden peýdalanylýar – 18%-i kömri gaýtadan işlemekden, 4%-i gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri arkaly öndürilýän «ýaşyl» wodorod, esasan, suw elektrolizinden üpjün edilýär, 78%-i tebigy gazy we nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýar. Häzirki wagtda ykdysady taýdan iň amatlysy, gazylyp alynýan ýangyçdan wodorod öndürmek bolup durýar. Pes uglerodly tehnologiýalary ulanmak bilen alnan wodorod sebäpli senagat pudaklarynda uglerod zyňyndylarynyň derejesini peseltmek mümkindir.
Şeýlelikde, häzirki wagtda geljekde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda pes uglerodly energiýa çeşmelerinden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Ulag ulgamynyň ähli görnüşlerinde hem alternatiw energiýa çeşmelerinden işjeň peýdalanmak üçin uly maýa goýumlar özleşdirilýär. Awtoulaglar elektrikleşdirilýär, uçarlar we beýleki howa ulaglarynyň wodorod ýa-da bioýangyç bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar.
Biziň ýurdumyz uglewodorod gorlaryna baý bolmak bilen, tebigy gazy we nebit serişdeleri gaýtadan işlemek arkaly ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleriniň öndürilmegi ugrunda giň tagallalar edilýär.
Sona ALIMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.