Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeleriň biri hem ýurdumyzda derman senagatyny ösdürmek bolup, onda ýerli çig mallarymyzdan, ilkinji nobatda, güneşli Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini taýýarlamaklyga aýratyn üns berilýär we bu iş häzirki döwürde ýokary depginlerde alnyp barylýar.
Güneşli Diýarymyzyň klimat we geografik aýratynlyklary, esasan hem, Gün şöhlesiniň agdyklyk etmegi ösümlikleriň düzüminde örän gymmatly bejeriş häsiýetli biologiki işjeň maddalaryň, hususan-da alkaloidleriň, glikozidleriň, efir ýaglarynyň we beýleki birnäçe himiki maddalaryň ýeterlik mukdarda toplanmagyny üpjün edýär. Şol sebäpli ülkämiziň dermanlyk ösümlikleriniň bejerijilik häsiýeti has-da ýokarydyr we derman ösümliklerini saglygy goraýyş işinde ulanmagyň geljegi örän uludyr. Olar sözüň doly manysynda tebigatyň özi tarapyndan taýýarlanan gymmatly derman serişdeleridir.
Ösümliklerden alynýan dermanlar himiki sintez arkaly alynýan dermanlardan himiki düzüminiň tebigylygy, şol sebäpli hem adam organizmi tarapyndan ýeňil özleşdirilýänligi, täsiriniň ýumşaklygy, goşmaça täsirleriniň azlygy, şeýle hem bahalarynyň arzanlygy sebäpli, ykdysady taýdan bähbitliligi bilen tapawutlanýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikler baradaky ylmy maglumatlary köp jiltli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly uly göwrümli ylmy-ensiklopedik esere jemläp, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde farmasewtika ylmynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Bu gymmatly eser ýurdumyzda fitoterapiýany ylmy esasda ösdürmäge uly itergi berdi we täze ylmy gözlegler üçin esasy ygtybarly ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Buýan köki gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelinýändigine garamazdan, oňa bolan gyzyklanma soňky wagtlar has-da artyp başlady.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, diňe serhetde däl, ýurdumyzyň içinde hem bellenilen çäreler dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde dünýäde pandemiýa zerarly howply ýagdaýyň dowam edýänligi sebäpli, aglaba ýurtlaryň alymlarynyň bu howply ýokanja garşy netijeli serişdeleri gözläp, köp sanly ylmy-barlag işlerini geçirýändiklerini belläp geçip, bu babatda buýan köküniň şol serişdeleriň biri bolup biljekdigini nygtady we ýurdumyzda buýan köküni ylmy esasda çuňňur öwrenmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanda buýan önümçiliginiň 100 ýyldan gowrak taryhy bolup, ilkinji gezek buýan taýýarlamak işi XX asyryň başlarynda «Mark-Andrýus» atly iňlis-amerikan kompaniýasy tarapyndan häzirki Türkmenabat şäherinde ýola goýulýar. Olar buýany ilki şäheriň töwereklerinden ýygnap başlaýarlar we 1906-njy ýylda Türkmenabatda buýan köküni presleýji zawod gurulýar.
Türkmen buýany hili boýunça dünýäde iň gowularyň biri bolanlygy üçin dünýä bazarynda oňa bolan isleg barha artyp ugraýar. Ol döwürlerde esasy maksat dermanlyk ösümlikleri ýerlikli peýdalanmak barada däl-de, olary daşary ýurtlara satyp peýda gazanmak barada bolupdyr. Diňe 1910-1915-nji ýyllarda buýan köküniň 56500 tonnasynyň Türkmenistanyň çäklerinden çykarylandygyna taryhy resminamalar şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda buýan köküni taýýarlamak işi bilen «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumy meşgullanýar. Türkmenabatdaky bu toplumda her ýylda 15-17 müň tonna golaý çyg görnüşdäki buýan köki ýygnalyp, ýygnalan kök we ondan taýýarlanan önümler içerki sarp edijiler bilen bir hatarda daşary ýurtlara hem eksport edilýär.
Buýan boýy 60-80 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik bolup, güýçli ösen kök ulgamy çuňlukdaky suw gatlaklaryna çenli ýetýär, porruklary gorizontal ähli gapdallara uzalyp, uly meýdanly buýan jeňňellikleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Diýarymyzda ol Amyderýanyň orta we aşak akymlarynda ägirt uly buýan jeňňelliklerini emele getirýär. Biziň ýurdumyzda dermanlyk maksatlary üçin bu ösümligiň gory ýeterlik.
Ylmy edebiýatlarda buýan köküniň düzümindäki seleniň antioksidant täsiriniň bardygy hakynda aýdylýar. Selen galkan görnüşli mäziň hem kadaly işlemegini üpjün edýän mikroelementdir. Adam bedeninde seleniň ýetmezçiligi howply döremeleriň emele gelmegi, ýürek-damar ulgamynyň bozulmalary, ateroskleroz, immunitetiň peselmegi ýaly näsazlyklara eltip bilýär.
Buýanyň düzüminde ýüzlerçe birleşmeler saklanýar, ýöne olaryň has işjeňi glisirrizindir. Onuň antioksidant, sowuklama garşy, antibakterial, wiruslara garşy, peşew kowujy, suw-duz çalşygyny kadalaşdyryjy, örtüji, iç ýumşadyjy, gakylyk gopduryjy, süýji keseline garşy, dem gysma garşy, howply täze döremelere garşy täsirleri ylmy tejribelerde mälim edildi. Buýan köki aşgazan-içege, bagyr kesellerinde hem oňat netijeleri berýär. Bu täsirlerinden başga-da buýan köki immun ulgamyny sazlaýar, bu bolsa sagalmagy tizleşdirýär we bedeniň gaýtadan dikelmegine ýardam berýär. Häzirki döwürde bu ösümlik 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine girýär.
Glisirrizin turşusy adaty şekerden 50 esse süýji, ýöne himiki gurluşy boýunça şekerlere degişli däldir. Onuň gurluşy steroid gormonlaryňka meňzeşdir. Bu gormonlaryň önümçiliginiň lukmançylyga ornaşdyrylmagy kortikoid derman serişdeleriniň gytçylygyny aradan aýyrmaga mümkinçilik döretdi. Glisirrizin bilelikde ulanylanda glýukokortikosteroid dermanlaryň täsirini güýçlendirýär (potensirleýär). Bu täsir bronhial dem gysmada we käbir deri kesellerinde gormonal serişdeler bilen bejerginiň dowamlylygyny gysgaltmak üçin ulanylýar.
Ýurdumyzyň dermanhanalarynda buýan kökünden öz kärhanalarymyzda taýýarlanylan derman serişdeleriň birnäçesi hödürlenilýär. Olar gök çaý bilen garylan buýan köki, arassa köküň özünden taýýarlanylan çaý, süýri dänelere gaplanan buýan köki, buýan köküniň şerbedi, düzüminde buýan saklaýan dürli sökelliklerde ulanylýan ösümlik toplumlarydyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna sowgat hökmünde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasy buýan kökünden gerdejik görnüşli täze dermany önümçilige girizdi. Ulanýan adam bu görnüşleriň haýsy birini göwnüne makul we amatly görse, şol görnüşi hökman lukmanyň maslahaty bilen ulanyp biler.
Ýurdumyzyň ylmy-tejribe merkezlerinde, lukmançylyk ýokary we orta okuw mekdeplerinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmegiň tejribesi barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň Germaniýanyň Essen uniwersitetiniň barlaghanasy bilen bilelikde alyp barýan ylmy-barlag işleri hem giň gerimde dowam etdirilýär.
Görşümiz ýaly, buýan köki we onuň derman serişdeleri köp derdiň dermany. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen buýan köküniň we onuň esasynda taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň önümçilige ornaşdyrylmagynyň we ony ylmy taýdan has çuňňur öwrenmegiň ösdürilmegi ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly tutumdyr.
Gülbahar Mollaýewa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.