Saglyk biziň iň uly baýlygymyzdyr. Ol biziň başymyzdaky tylla jyga bolup ony hassadan başga hiç kim görüp bilmez. Şonuň bilen baglanşykly Magtymguly Pyragy: “Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun” diýip belleýär. Häzirki wagtda bagtyýarlyk döwründe adam saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda birnäçe sagaldyş merkezlerini, hassahanalaryny, sport desgalaryny we mekdeplerini gurup ulanmaga berdi. Bagtyýar nesilleriň rahatlygyny, saglygyny goraýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sanynyň ýyl saýyn artmagy hormatly Prezidentimiziň döwletimizde ýaş nesliň sagdyn berk bedenli bolmagy ugrundaky aladalaryndan gözbaş alýar. Saglygymyz öz elimizdedir. Käbir çagalar dyrnaklaryny ösdürýär we ony bilmezden agzyna salýar. Bu diňe bir saglyk üçin zyýanly bolman, eýsem ýaramaz endikdir. Dyrnakdaky mikrob ýokanç keselleriň döremegine getirýär. Munuň öňüni almak üçin wagtal-wagtal dyrnaklary almaly. Bu meselede ulular, kiçi ýaşly çagalara ýardam etmelidir. Elleriňi arassa saklamak birnäçe ýokanç kesellerden goranmaga ýardam edýär. Gündelik durmuşda köp işler elleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen eller hapalanyp, olarda mikrob jemlenýär. El sabynlanyp ýuwlan halatynda şol mikroblar ýok bolýar. Adamyň agyz boşlugynda-da köp sanly mikroblar bolup biler. Olarda goranmak üçin her gezek nahardan soň dişleri arassalamaly. Nahar iýenden soň adamyň dişlerinde galýan iýmit owuntyklary dişleriň saralmagyna we çüýremegine we agyz boşlugynyň ýakymyz ysyň peýda bolmagyna getirýär. Ýurdumyzyň gelejegi bolan çagalaryň kiçilikden sagdyn ýaşaýyş endiklerini edinmekleri wajypdyr. Ýaramaz endiklerden daşda durup, sportuň dürli görnüşleri, bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn ýaşaýyş endiklerini gazanmaga ýardam edýär. Her gün irden maşklary ýerine ýetirmegi endik edinmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek adamyň ruhuny göterýär, özüni bagtly duýmaga ýardam edýär. Çünki saglyk bagt bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
M.Batyrow,
Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň direktory