Hy­ta­ýyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň Baş sek­re­ta­ry Si Szin­pin Hy­ta­ýyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny öňe iler­let­mek üçin oba ýer­le­ri­niň ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga ça­gyr­dy. Bu ba­ra­da Si Szin­pin ýur­duň Hu­beý we­la­ýa­ty­nyň (Mer­ke­zi Hy­taý) Sy­an­nin şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky Syy oba­syn­a iş sa­pa­ry wag­tyn­da aýt­dy.

Ösü­şiň iň mö­hüm me­se­le­di­gi­ni bel­län Si Szin­pin, oba ösü­şi­niň il­kin­ji no­bat­da, se­na­gat ar­ka­ly ga­za­nyl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.

– Oba ho­ja­ly­gy bi­len meş­gul­lan­mak bo­le­lin ýa­şa­ma­gy üp­jün ed­ýär, se­bä­bi oba ho­ja­ly­gyn­da uly müm­kin­çi­lik bar – di­ýip, Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy bel­le­di.

Si Szin­pin, Hy­ta­ýyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň äh­li de­re­je­dä­ki ko­mi­tet­le­ri­niň we hö­kü­me­tiň oba ho­ja­ly­gy­nyň mak­sat­na­ma­la­ry­na, oba­la­ryň we daý­han­la­ryň zäh­me­ti­ne uly äh­mi­ýet ber­me­li­di­gi­ni hem-de ola­ryň mad­dy bin­ýa­dy­ny ber­kit­me­li­di­gi­ni, hyz­mat­la­ry kä­mil­leş­dir­me­li­di­gi­ni we halk üçin has go­wy dur­mu­şy üp­jün et­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Syy oba­syn­da Si Szin­pin gar­ry­lar üçin ni­ýet­le­nen na­har­ha­na, luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­ne hem-de par­ti­ýa ag­za­la­ry we halk köp­çü­li­gi üçin ni­ýet­le­nen dur­muş taý­dan hyz­mat ed­ýän mer­ke­ze ba­ryp gör­di.