Ir bilen kofe içmek adamyň şähdini açýar, göwnüni göterýär. Häzire çenli geçirilen birnäçe ylmy barlaglar kofeniň adam saglygyna peýdalydygyny ýüze çykardy. Wengriýanyň Zemmelwaýs uniwersitetiniň hem-de Londonyň Şa zenany Mariýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlagynda kofeniň gan basyşyny artdyrmaýandygy, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy ýüze çykaryldy. Ylmy barlagyň awtordaşy Steffen Petersen az mukdarda yzygiderli kofe içmegiň zyýanly däl, peýdaly bolup biljekdigini belleýär.
On ýylyň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, kofe içmek ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Şeýle-de bolsa, alymlar diňe üwelen kofeniň peýdalydygyna ünsi çekýärler. Geçirilen barlaga 500 müňe golaý adam gatnaşypdyr. Netijede, üç çaşkadan köp kofe içmegiň artykmaç peýdasynyň ýokdugy ýüze çykarylypdyr. Dünýäniň iň köp sarp edilýän içimlikleriniň biri bolan kofeniň düzüminde kafein, mineral maddalar we antioksidantlar bar. Geçirilen barlagyň netijesine görä, her günde 0,5-3 çaşka kofe içmegiň hiç hili kofe içmeýänlere görä has sagatdygy mälim edildi. Mundan ozalky geçirilen barlaglar kofeniň düzümindäki kafeiniň işdäni ýapýandygyny ýüze çykarypdy. Bu bolsa, aşa semizligiň we munuň bilen bagly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.
Ýolbars Baýramow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hünärmeni.