Ýer ýüzünde gülleýän açýan ösümlikleriň müňlerçe görnüşi bar. Tebigatdaky ösümlikler adatça bahar paslynda gül açyp başlaýan hem bolsa, otag şertlerinde ösýän ösümlikler ýylyň islendik paslynda-da gülleýär. Gülleriň köpüsi kiçi bolsa, käbiri has uly bolýar. Emma käbir güller düýbünden başga zada meňzeýär. Bu güller, esasan, orhideýalar maşgalasyna degişli bolýar. Ine, dürli janly-jandarlary ýada salýan gülleriň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Durna güli. Günorta Afrikada ösýän köpýyllyk ösümlige (Strelitzia reginae) «jennetiň guşy» hem diýilýär. Ýylyň ähli paslynda gök öwsüp oturýan ösümligiň dürli görnüşleri bolup, «S.nicolai» atlysy iň ulusy hasaplanýar. Onuň boýy 10 metre çenli ösýär. Beýleki görnüşleriniň boýy 2-6 metr aralygynda bolýar. Gaty, ýasy ýapraklarynyň uzynlygy 30-200 santimetr aralygynda, ini 10-80 santimetr aralygynda bolýar. Gunçasy gök-ýaşyl reňkli bolup, gülleri sary, gök, seýrek ýagdaýda ak reňkli bolýar. Bu ösümligi 1788-nji ýylda iňlis botanigi Josef Banks tapýar. Owadan gülleri üçin medeni usulda hem ösdürilip ýetişdirilýän bu ösümlik seýilgähleriň, köçeleriň we howlularyň bezegi üçin hem ekilýär.
«Dracula simia». Günorta Amerikada deňiz derejesinden 2000-4000 metr beýiklikdäki tropiki tokaýlarda ösýän bu ösümligiň güli maýmyny ýadyňa salýar. Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik bahar paslyndan güýz paslyna çenli aralygynda yzygiderli gülleýär. 110-dan gowrak görnüşi bolan bu ösümlik her gezekde 15-55 aralygynda gül açýar. Onuň gülleriniň pyrtykalyňky ýaly ýakymly ysy bolýar.
«Ophrys apifera». Ýewropada ösýän köpýyllyk ösümlige halk arasynda «ary orhideýasy» diýilýär. Uzynlygy 20-45 santimetre ýetýän ösümligiň 4-7 sany gök-ýaşyl ýapraklary bolýar. Merkezinde ýerleşýän gozada 3-8 aralygynda güli bolýar. Uly göwrümli gozanyň gyzyl, ak reňkli gülleri bolup, maý-iýun aýlarynda gülleýär. Gülleriniň reňki benewşe ýa-da agymtyl bolýar. Ösümligiň gülüniň ara meňzemegi olaryň tebigy ýagdaýda köpelmeklerine sebäp bolýar. Arylar bu güli başga ara meňzedip, onuň ýanyna barýar. Şeýlelikde, gülüň tozgalary arynyň aýaklaryna ýapyşýar. Soňra beýleki güllere gonmagy bilen güller tozgalanýar we netijede tohumlanýar.
«Ak durna» güli. Latynça ady «Pecteilis radiata» bolan bu ösümlik tebigy ýagdaýda Hytaýda, Ýaponiýada, Koreýa ýarym adasynda we Russiýada batgalyk ýerlerde, kölegeli ýalpaklyklarda duş gelýär. Ak reňkli gülleriniň bardygy üçin oňa «ak durna» diýilýär. Ösümligi güldanlarda bezeg ösümligi hökmünde hem ösdürip bolýar. Ösümligiň ak gülleri ganatyny açyp duran durnany ýadyňa salýar.
«Impatiens psittacina». Günorta-Gündogar Aziýada – Taýlandda, Birmada we Hindistanyň käbir ýerlerinde ösýän bu ösümligiň boýy 50 santimetr çemesi bolýar. Beýleki «Impatiens» görnüşleri ýaly, onuň baldagy galyň bolýar. Güli açyk gyzyl we gyzyl reňkli bolýar. Gülläninde emele gelýän şekili toty guşuna meňzeýär. Seýrek duş gelýän bu ösümlik goralyp saklanýar.
Mergen Kulmyradow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy.