Eziz Diýarymyzyň topragyna baharyň gelşi üýtgeşik. Bahar gelse kalbyňdan söýgi jyklar. Ol hemişekisi ýaly, özüniň bardygyny ýatladar. Bu gün owadan zemine görk getirýän bahar pasly ýaýylyp ýatan meýdanlary ýaşyl begrese besleýär, goja Zemini görke getirýär.
Ynsan kalbyny ýagşy umyt-arzuwlardan püre-pürleýän gözellikler türkmen tebigatynyň ýaraşygy. Bahar paslynyň özboluşly görki, nur-röwşeni bar. Ynsanlary özüne aşyk edip, Zemine söýgi getirýän bahar pasly, ussat şahyryň aýdyşy ýaly, sahawatly türkmen topragyna joşup, kükräp gelýär. Şeýlelikde, ata Watanymyzyň obalarydyr şäherleri gök dona bürenip, bahar lybasyny egnine atynýar. Dal-daragtlaryň pyntyklap, gül açmagy göwnüňi galkyndyrýar.
Baharyň täsin görküni taryplamaga söz, görmäge göz gerek. Tebigaty nurlandyrýan bahar barada ýazylmadyk goşgy, aýdylmadyk aýdym ýok. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Baharyň işi» atly goşgusynda hem bahar paslynyň täsinlikleri şeýle beýan edilýär:
Bahar säher bilen başlady işe,
Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.
Baldaklary gök reňke boýady,
Gülälekler al öwüsdi dessine.
Elbetde, bahar gözelliginiň waspy sözde beýan ederden çuňdur. Göwünler ala-ýaz bolsa, onda tebigatyň bütin gözellikleri şonuň goýnunda ýerleşendir. Bahar pasly duýgulara baý bolup, kalbyňa ýylylyk çoýýar, ynsanyň içki dünýäsini mähirden gandyrýar.
Şahyryň aýdyşy ýaly, şol nurana gözellikleriň ählisini kalbyňa, ruhuňa siňdirmek üçin «bahar meýlisine seýrana çykmak» gerek. Asmandan ýagýan ýagmyrdan soňra älemgoşaryň Zemine şöhle saçmagy her bir ynsanyň kalbyny heýjana getirýär. Tämiz howanyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şat gülküsi baharyň gelşigidir. Bu täsinligi duýýan her bir ynsanyň içki dünýäsi mähirden dolýar, owadan tebigatyň görkünden lezzet alýar.
Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýan uzak möhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ata Watanymyzda daragtlaryň we gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek hem-de ýaýratmak barada uly aladalar edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz hem-de ýurdumyzyň iri ilatly nokatlary pürli, ýaprakly we miweli baglar bilen gurşaldy. Her ýylda ýurdumyzda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmaklarynda millionlarça agaç nahaly ekilýär. Bu işler ekologiýa medeniýetiniň ösmegine we jemgyýeti terbiýelemek işine oňaýly täsir edýär. Baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk ýowarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, köpçülikleýin bag ekmek çäreleri tebigatyň täzelenişine mahsus bolan kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Bahar – bütin barlyga täzeden jan berýän gudrat. Zeminiň astynda-da, üstünde-de dirilişiň alamatlaryny görüp, ynsan göwni gozgalaň tapýar. Owalynda sazyň gudratyna meýmirän, maýyl bolan ýürek bahar pasly öz gudratyny görkezip ugranda, çuň ukudan oýanan ýaly bolýar. Ynsanyň gursagy oňa ýene-de dar, garaňky görünýär. Ýürek kebeleklerdir balarylar perwaz urýan çemenzarly sähralara, bulaklary şaglap akýan belent başly daglara tarap atygsaýar.
Al-elwan güllere beslenip gelen bahar pasly ukudaky ömürleri oýandyrmaga ukyply bolup, täsin gözellikleri döredýär, tebigata jan, ýaşaýşa zynat berýär. Bahar pasly bilen zenanyň keşbindäki meňzeşlikleri ýazyjy-şahyrlaryň hersi özüçe beýan edýär. Ol eserlerdäki baharyň ynsanlaşdyrylan keşbi zenanyň – enäniň meňzine meňzeş. Elbetde, bu ýöne ýerden däl.
Biz owadan gülleri ýatladýan güler ýüzli zenanlarymyzyň baýramyny bahar paslynda belleýäris. Zenanlaryň görkanalygyny goşalandyrýan çemenleri olara sowgat berýäris. Zenan hem baharyň bir bölegi ýaly bolup, biziň ömrümize mähir nuruny saçýarka, kalpda dörän ýakymyň ýalkymy ömürleri ýagtylandyrýar.
Gözel AŞIROWA,
Darganata etrabyndaky 11-nji çagalar bagynyň müdiri.